img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Maý

AHAL WELAÝATYNYŇ ÝÜPEKÇILERINIŇ ZÄHMET ÜSTÜNLIGI

Ahal welaýatynyň pileçi kärendeçileri 156 tonnadan gowrak pile öndürip, ýurdumyzda ilkinji bolup şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi barada habar berdiler. Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda şu welaýatyň häkimi habar berdi. Milli Liderimiz welaýatyň ýüpekçilerini meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilmegi bilen gutlap, olara täze zähmet üstünliklerini, beýleki welaýatlaryň pileçile...

DOWAMY
pic
15 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÖZBEGISTANYŇ MEDENIÝET MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA gatnaşyjy-döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministri Bahtiýor Saýfullaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar dürli ugurlar boýunça iki doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp geçdiler, has takygy medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri ara alny...

DOWAMY
pic
15 Maý

AŞGABATDA GDA GATNAŞYJY-DÖWLETLERIŇ DÖREDIJILIK WE YLMY INTELLIGENSIÝASYNYŇ ХIV FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2019-njy ýylyň 15-nji maýynda Aşgabatda GDA gatnaşyjy-döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumy öz işine başlady, oňa gatnaşmak üçin Ermenistandan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Täjigistandan, Özbegistandan we Russiýadan 200-den gowrak wekiller Türkmenistanyň paýtagtyna geldiler. Şu ýyl forumyň temasy - «Arkalaşygyň umumy ynsanperwerlik giňişligi: medeniýet, ylym, bilim ulgamynda gatnaşyk» bolup durýandyr. Plenar mejlisleriniň we...

DOWAMY
pic
15 Maý

AŞGABATDA GDA-NYŇ TOHUMÇYLYK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA UTGAŞDYRYJY GEŇEŞINIŇ MEJLISI AÇYLDY

2019-njy ýylyň 15-nji maýynda Aşgabat şäheriniň «Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisiniň açylyş dabarasy geçirildi.  Mejlisiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew, Belarus Respublikasynyň Oba hojalygy we azyk ministriniň orunbasary, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy W.W.Grakun,...

DOWAMY
pic
15 Maý

«ARKALAŞYGYŇ ÝYLDYZLARY» BAÝRAGYNYŇ GOWŞURYLMAGY MYNASYBETLI DABARALAR

2019-njy ýylyň 15-nji maýynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumynyň çäklerinde GDA-nyň «Arkalaşygyň Ýyldyzlary» atly esasy ynsanperwerlik baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Sungat, ylym we bilim ulgamynda gazananlary üçin alymlaryň we medeniýet işgärleriniň on birisi bu baýragyň eýeleri boldular. Arkalaşygyň baýragy Türkmenistanyň wekiline – ýurdumyzyň halk artisti, opera aýdymçysy Atageldi Garýagdyýewe hem gowşuryldy. «Arkalaşygyň Ýyldyzlar...

DOWAMY
pic
15 Maý

ASTRAHANDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 14-nji maýynda Russiýanyň Astrahan şäherindäki Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) konsullygy Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Eýranyň diplomatlary bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlap brifing geçirdiler. Birifinge Astrahan oblastynyň Halkara we daşary ykdysady aragatnaşyklar, senagat, ulag...

DOWAMY
pic
15 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ DÖREDIJILIK WE YLMY INTELLIGENSIÝASYNYŇ XIV FORUMYNA GATNAŞYJYLARA GUTLAG HATYNY IBERDI

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy  döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň  XIV forumyna gatnaşyjylara  Hormatly myhmanlar!  Gadyrly dostlar!  Sizi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu halkara forumyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy işgärleriniň arasynda dostluk gatnaşyklaryny ösdürmekde, özara tejribe alyş...

DOWAMY