SOŇKY HABARLAR
MARY WELAÝATYNYŇ GALLAÇYLARYNYŇ ZÄHMET ÝEŇŞI BARADA HASABAT
Şu gün Mary welaýatynyň gallaçy daýhanlary dänäniň 380 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyryp, azyklyk bugdaýy taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Ýer eýeleriniň dünýä belli «CLAAS», «John Deere», «Case», «New Holland» kysymly ýokary öndürijilikli kombaýnlary gije-gündizleýin we netijeli ulanmagy oragyň depginlerini tizleşdirmäge ýardam berdi. Bu zähmet ýeňşi ekerançylaryň ýurdumyzyň obasenagat ulgamyny ösdürmek baradaky he...
«MEDENIÝET HEPDELIGI — 2019» SUNGATYŇ TÄZE ESERLERI BILEN BAÝLAŞDY
Welaýatda türkmen jemgyýetiniň ägirt uly döredijilik kuwwatyny beýan edýän hem-de halkymyzyň ruhy durmuşynyň köptaraply öwüşginini görkezýän Medeniýet hepdeliginiň çäreleri dowam edýär. Şu gün Magtymguly şäherinde forumyň çäklerinde žurnalistler we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri «Watanymyzyň rowaçlygy — kalbymyzyň joşguny» diýen at bilen döredijilik duşuşygyny geçirdiler. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamed...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI UNISEF-IŇ WEKILHANASYNYŇ BAŞTUTANYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň täze bellenen baştutany hanym Kristina Weýgandy kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji direktory Genriýetta H.Foryň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirip, gaznanyň Türkmenistan bilen däp bolan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürm...
«TÜRKMENISTAN» AWIAKOMPANIÝASY GÜNORTA-GÜNDOGAR AZIÝA WE ARABYSTAN ÝARYM ADASY ÝURTLARYNA GATNAWLARY AÇÝAR
?Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat-Kazan (Russiýa Federasiýasy) ugry boýunça gatnawlary artdyrar we Günorta-Gündogar Aziýa hem-de Arabystan ýarym adasy ýurtlaryna täze ugurlary açar. Boeing 737-800 uçary 3-nji iýyldan 11-nji sentýabr aralygynda Tatarystanyň paýtagtyna goşmaça gatnawy amala aşyrar. Ol Aşgabatdan çarşenbe günleri 6 sagat 25 minutda uçar. Şu ýyl ýurduň awiatorlary halkara gatnawlarynyň gerimini giňeltmegi göz öňünde tutýarlar. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň hünärmenler...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany A.H.Hojaberdiýew hakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň towakganamasy esasynda Artykguly Hojageldiýewiç Hojaberdiýewi «Nesil» gazetiniň baş redaktory wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 25-nji iýuny.
MEDENIÝET HEPDELIGI—2019: DÖRDÜNJI GÜN
Şu günler Magtymguly etraby uly we köpöwüşginli döredijilik baýramçylygyna beslenýär. Şol ýerde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününiň maksatnamasy türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasyny öwrenmek meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahaty, bagşy-sazandalaryň çykyşlaryny hem-de Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konserti öz içine aldy. Däp bolşy ýaly, irden foruma gatnaşyjylar Magtymguly etrabynyň ajaýyp ýerlerine gezelenç etdiler. Türkmen to...
BEÝIK ÖZGERTMELERIŇ ÝYL ÝAZGYLARY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köptaraply syýasy we guramaçylyk işi barada dowamly çap edilýän neşiriň 11-nji goýberilişi neşir edildi. Kitapda «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly» diýen şygar astynda geçen 2017-nji ýylda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen taryhy wakalaryň ähmiýeti we manysy açylyp görkezilýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly: «2017-nji ýyl ýurdumyzyň taryhynda, merdana halkymyzyň durmuşynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylan, buýsançly netijeleriň gaza...