SOŇKY HABARLAR
AHAL WELAÝATYNYŇ EKERANÇYLARY GALLA TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA BORÇNAMALARYNY ÝERINE ÝETIRDILER
Şu gün welaýatda Watan harmanyna azyklyk bugdaýyň 450 müň tonnasyndan gowragyny tabşyryp, ýurdumyzda ilkinji bolup galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren gallaçylaryň zähmet ýeňşi mynasybetli dabaralar geçirildi. Türkmen topragynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň agrar syýasatynyň esasy maksadydyr. Obada amala aşyrylýan toplumlaýyn we giň möçberli özgertmeleriň netijesinde...
MARY ŞÄHERINDE SEBITDÄKI KIÇI SEBITLEÝIN GEŇEŞLERIŇ IŞINDÄKI MESELELER BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 25-nji iýunynda Mary şäherinde ýerleşýän Mary welaýat kitaphanasynda Merkezi Aziýada sebitleýin ekologiki meseleleri boýunça merkeziniň “Sebitdäki kiçi sebitleýin geňeşleriň işindäki meseleler we olara ýardam bermekligi ösdürmekde hyzmatdaşlaryň orny” atly okuw maslahaty öz işine başlady. Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde Merkezi Aziýada sebitleýin ekologiki meseleleri boýunça merkez hem-de Araly halas etmekligiň Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji geňeşi bilen bilelikde gural...
RUMYNIÝADA HAZAR DEŇZI – GARA DEŇZI HALKARA ULAG UGRY BOÝUNÇA HÜNÄRMEN IŞÇI TOPARYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 24-nji iýunynda Buharestde Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda, ýük ugruny güýje girizmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Hazar deňzi – Gara deňzi halkara ulag ugry boýunça hünärmen işçi toparyň dörttaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Mariýa-Magdalina Grigore, Gruziýanyň...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ RAÝAT AWIASIÝASY HALKARA GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň ABŞ-daky, şol bir wagtda Kanadadaky Ilçisi M.Orazow Kanadanyň Monreal şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda Ilçi Raýat awiasiýasy halkara guramasynyň Baş sekretary hanym Fan Lýu bilen bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Ilçi Türkmenistanyň Raýat awiasiýasy halkara guramasynyň wajyp halkara protokollaryna goşulýandygyny tassyklaýan iki resminamanyň asyl nusgasyny gowşurdy. Şeýle-de taraplar bu Guramanyň Assambleýasynyň 2019-njy ýylyň 24-nji...
RUMYNIÝANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 24-nji iýunynda Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen Rumyniýanyň DIM-niň Döwlet sekretary jenap Danuts Nekulaeskunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Geçirilen gepleşiklerde taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag, energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada gürrüň etdiler. Şeýle hem, gepleşikleriň barşynda taraplar halkara gün t...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly, obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy we möwsümleýin meýdan işleriniň barşy baradaky meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedowy göni wideoaragatnaşyga...
MEDENIÝET HEPDELIGI-2019: ÜÇÜNJI GÜN
Balkan welaýatynda geçirilýän döredijilik forumynyň şu günki güni mazmun taýdan köpdürlüdir. Onuň maksatnamasyna milli medeniýetimiziň köpdürlüligini açyp görkezýän çäreler goşuldy. Olary taryh we häzirki döwür, gözbaşlar we dowamatlylyk ýaly umumy mazmun bilen birleşdirip bolar. Ir bilen Magtymguly şäheriniň Magtymguly Pyragy muzeýiniň maslahatlar zalynda «Türkmen sungatynyň rowaçlygy» diýen usulyýet maslahaty geçirildi. Oňa muzeýleriň işgärleri, suratkeşler, sungaty öwrenijiler, taryhçy aly...