SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN WEKILÝETI ENERGIÝA TYGŞYTLYLYGY ULGAMYNDA ÝEWROPA TEJRIBESI BILEN TANYŞÝAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Energetika ministrliginiň, şeýle hem «Türkmengaz» hem-de «Türkmennebit» Döwlet konsernleriniň wekilleri Parižde geçirilýän «Senagatda energiýa tygşytlylygy we uzak möhletleýin energetika meýilnamalaryny taýýarlamak» atly iki günlük seminara gatnaşýarlar. Seminary Halkara energetika agentligi we Ýewropa Bileleşigi EU4Energy Maksatnamasynyň ugry boýunça guradylar. Halkara energetika agentliginiň we Ýewropa Bileleşiginiň bilermenleri duşuşyga gatnaşý...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝUNISEF-IŇ TÄZE WEKILI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda öz missiýasyna başlaýan ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky täze bellenilen wekili hanym Kristina Weýgand bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Hanym Kristina Weýgandy jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy çagalaryň hukuklary bilen bagly ähli ulgamlarda bilelikde hereket etmäge hem-de goldamaga taýýardygyny beýan etdi....
MEDENIÝET HEPDELIGI — 2019: IKINJI GÜNI
Giň gerimli döredijilik forumynyň ikinji gününiň maksatnamasy hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýetiniň köpöwüşginliligini açyp görkezýän dürli çärelere baý boldy. Şu gün irden Gerkez obasynda, Magtymguly adyndaky 3-nji orta mekdebiň öňündäki meýdançada «Nesilleriň rowaçlyga buýsanjy» atly çagalar döredijilik toparynyň çykyşy boldy. Ýaş ýerine ýetirijiler aýdym-saz we tans kompozisiýalarynda özleriniň zehini hem-de ýerine ýetirijilik başarnygy bilen tapawutlandylar,...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TATARYSTAN RESPUBLIKASYNDA IŞ SAPARYNDA BOLDY
2019-njy ýylyň 23-nji iýunynda Kazan şäherinde, Russiýa Fedrasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ondan soňra iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda giňeldilen düzümdäki duşuşyk hem geçirildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynyň meselelerine garaldy hem-de hyzm...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RF-NIŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNA SAPARY BAŞLANDY
2019-njy ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Kazan şäherine gitdi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşygyň bolmagyna garaşylýar.
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 87-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Singapurdan, Gonkongdan, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, polipropileni, nebit koksuny, az kükürtli ýangyç mazudyny, suwuklandyrylan gazy, uçar kerosi...
DÄNE ORAGY MÖWSÜMINIŇ ÖŇDEBARYJYLARYNYŇ SANY ARTÝAR
Görogly etrabynyň daýhanlary ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ilkinji bolup, däne taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň üstünlik bilen hötdesinden geldiler. Şu ýylyň hasyly üçin bu ýerde 16 müň gektar ýer bölünip berlip, soňra ýerden bugdaýyň 31 müň 500 tonnasy ýygnalyp alyndy. Hasylyň köp bölegini ýokary hilli tohumlyk däne emele getirdi. Şeýle netijäniň gazanylmagyna oba hojalyk önümçiliginde bugdaýy ösdürip ýetişdirmegiň öňdebaryjy ylmy usullarynyň ulanylmagy w...