SOŇKY HABARLAR
BALKAN WELAÝATYNDA MEDENIÝET HEPDELIGI — 2019 ÇÄRESI BADALGA ALDY
Şu gün Magtymguly etrabynyň dolandyryş merkezinde «Medeniýet hepdeligi — 2019» çäresiniň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda geçirilýän giň gerimli döredijilik forumy halkymyzyň ruhy baýlygyny gorap saklamaga we artdyrmaga gönükdirilendir. Her ýyl geçirilýän bu çäre ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň beýik medeniýetiniň köpasyrl...
GALLAÇYLARYŇ YHLASLY ZÄHMETI BILEN ORAK MÖWSÜMINIŇ DEPGINI ARTÝAR
Şu gün Watan harmanyna bugdaýyň 89 müň 133 tonnadan gowragyny tabşyran Ak bugdaý etrabynyň ekerançylary däne tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Etrapda bugdaý ekilen ýeriň meýdany 39 müň gektara barabardyr. Kärendeçiler bu ýere bugdaýyň «Bitarap», «Sähraýy», «Kalim», «Batko», «Moskowskiý — 56», «Bagrat» ýaly ýerli toprak-howa şertlerinde oňat netijeleri görkezen görnüşlerini ekdiler. Galla oragyna «СLAAS», «John Deere»...
BALKAN WELAÝATYNDA GEÇIRILÝÄN MEDENIÝET HEPDELIGINE GATNAŞYJYLARA
Hormatly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar! Sizi Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilikli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin! «Türkmenistanda Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, türkmen medeniýetini we sungatyny düýpli ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler yzygiderli kämilleşdirilýär. H...
OWGANYSTANYŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA IŞ SAPARY BOLDY
2019-njy ýylyň 22-nji iýunynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi Hamdulla Mohibiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi. Owganystan bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutlýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Owgan wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň hormatly Pr...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz irden «Oguzhan» köşkler toplumyndan Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap welosipedde ugrady. Bu ýerde milli Liderimiziň ýanynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew boldy. Şäher häkimi döwlet Baştutanymyzyň 20-nji iýunda Aşgabat şäher hä...
RESMI HABAR
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde medeniýeti, aýdym-saz, teatr, kino hem-de şekillendiriş sungatyny, telewideniýäni, radiony, metbugaty, neşirýat ulgamyny, kitaphanalary, muzeýleri we medeni-dynç alyş edaralaryny ösdürmek, döredijilik işgärlerini ylham dünýäsine ruhlandyrmak, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliklerini türkmen halkynyň milli toýlaryna mahsus görnüşde ş...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de olaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, şeýle hem önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, beýleki edara-kärhanalara «KAMAZ» kysymly awtoulaglaryň, ýörite tehnikalaryň uly toplu...