SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylda Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu çempionaty geçirmek baradaky Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
RESMI HABAR
Halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Halkara Sambo federasiýasy bilen bilelikde 20...
AŞGABATDA ÝHHG-NYŇ KHBS-Ň MESELELERI BOÝUNÇA SEMINARY BAŞLADY
2019-njy ýylyň 18-nji iýunynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda ÝHHG-nyň «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygynyň kämilleşmeginde hem-de KHBS ulgamyndaky reformalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk» atly maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän KHBS-ň syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleri boýunça okuw maslahaty öz işine başlady. Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan gurnalan okuw maslahatyna ÝHHG-nyň ýolbaşçylary we weki...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ÖZ YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi O.Çaryýew Iordan Haşemit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II bin Huseýine Türkmenistanyň Iordan Haşemit Patyşalygyndaky Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Er-Riýad şäheri) özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy. Duşuşygyň başynda Iordan Haşemit Patyşalygynyň Patyşasy Türkmenistanyň Prezidentine mähirli salamlaryny ýollady we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegine uly ynam bildirdi.
TÄHRANDA TÜKMENISTANYŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLKASYNDAKY MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY
2019-njy ýylyň 16-njy iýunynda Tähran şäheriniň “Talar-e Wahdat” medeniýet merkezinde Tükmenistanyň Eýran Yslam Respublkasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanan konsertine Türkmenistandan gelen resmi wekiliýeti, Eýranyň Medeniýet we yslam aragatnaşyklary guramasynyň we beýleki birnaçe edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, EYR-da akkreditirlenen diplomatik we...
ÝERDEN DURNUKLY PEÝDALANMAK – DURMUŞ-YKDYSADY ÖSÜŞIŇ GIREWIDIR
2019-njy ýyl ekologiýa babatda ähmiýetli Çölleşmäge garşy göreş boýunça konwensiýanyň kabul edilmegi bilen baglanşykly ýyldyr. 1994-nji ýylyň 17-nji iýunynda çölleşmegi bökdemek işleri boýunça halkara resminamasy kabul edildi, suwarymly hasylly ýerleri saklap galmak boýunça ählumumy herekete bolsa 25 ýyl doldy. 2019-njy ýylyň Çölleşmäge hem-de guraklyga garşy göreşiň bütindünýä gününiň “Geljegi bilelikde kemala getireliň” temasy daşky gurşawy we ekologiýa ulgamynyň bütewiligini goramak işinde...
TÜRKMENISTANYŇ BAÝDAGY DÜNÝÄNIŇ IŇ BEÝIK DEPESINE – EWERESTE ÇYKARYLDY
“Morinžgeologiýa” Serwis Kärhanalary Toparynyň işgärleri dünýäniň iň beýik depesine – Ewereste (8 848 m) çykyp, ol ýerde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny dikdiler. Ýörüşe Holdingiň wekilleri – Latwiýanyň, Russiýanyň, Polşanyň, Kipriň we Moldowanyň raýatlary – ozal Uly Ararat (Ermenistan, 5165 m, 2011 ý.), Kilimanjaro (5895 m 2014 ý.) we Meru (4562 m, 2014 ý.) –Tanzaniýa; Akonkagua (Andlar, 6960,8 m, 2018 ý.) – Argentina bilen Çiliniň serhedi; Monblan (Günbatar Alplar, 4810 m, 2018 ý.) –Fransiý...