SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Senagat, energetika we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary, Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň gyrgyz böleginiň başlygy Žyrgalbek Sagynbaýewiň ýolbaşçylygyndaky Gyrgyz Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum we meden...
TÜRKMENISTANYŇ DANIÝADAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Ataýew Kopengagen şäherindäki Amaliýenborg köşgünde Daniýa Patyşalygynyň Şa Zenany Margrete II özüniň şol bir wagtda Türkmenistanyň Daniýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Berlin şäheri) hökmünde ynanç hatlaryny gowşurdy. Geçirilen kabul edişligiň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi Daniýanyň Şa Zenanyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbangu...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNA GUTLAG HATLARY GELIP GOWUŞDY
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Siziň Alyhezretiňize musulman ymmaty üçin nurana we mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermek mende ýakymly duýgulary döredýär. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de iki halkyň özara düşünişmeginiň we işjeň hyzmatdaşlygyň bähbidine ösdür...
BILELIKDÄKI TOPAR ALAJAGAPLAŇLARYŇ ÝAÝRAN SEBITLERINE GÖZEGÇILIK GEÇIRDI
Merkezi Aziýada saklanyp galan iri ýyrtyjylaryň dört görnüşiniň biri , TGHB-niň Gyzyl kitabyna we Türkmenistanyň Gyzyl kitabyba girizilen Alynky Azyýa gaplaňynyň ýaýran sebitlerini öwrenen ylmy topara gatnaşanlar 2000 kilometrden gowrak ýol geçdiler. Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Beýik Britaniýanyň Guşlary goramak Şalyk jemgyýeti (RSPB) bilen bilelikde guran gözegçiligine ýurduň goraghanalarynyň esasy hünärmenleri, welaýatlaryň tebigaty goramak boýunça mü...
STAWROPOL ÜLKESINDE AKYLDAR ŞAHYRYMYZ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 295-ÝYLLYGY BELLENILDI
2019-njy ýylyň 4-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Stawropol ülkesiniň Blagodarnenski etrabynyň Edelbay obasynda türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 295-ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Bu çäre Stawropol şäheriniň, şeýle hem Stawropol ülkesiniň Ipatowski, Turkmenski, Arzgirski, Neftekumski we Blagodarnenski etraplarynyň hem-de Astrahan oblastynyň türkmen kowçumlarynyň wekilleri tarapyndan gurnaldy. Şeýle hem dabaralara Türkmenistanyň Russiýa Fed...
BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ ESASY UGURLARY: ULAG PUDAGY
Şu ýyl Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça birinji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Munuň özi Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň Prezidentleriniň gol çeken Hazar deňziniň hukuk statusy hakyndaky Konwensiýasynyň degişli ylalaşyklary gazanmakda we sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmekde möhüm çärä öwrüler. Häzirki döwürde 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda bu Konwensiýanyň kabul edilmeginiň bir ýyllygy mynasybetli geçiriljek ykdysady forum...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Moskwa şäheriniň Şeremetýewo howa menzilinde «Aeroflot» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçilikli ýagdaýda gonmagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýaky...