img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Apr

WATANYMYZYŇ SEBITLERINDE TÄZE DESGALAR ULANMAGA BERILÝÄR

Şu gün Daşoguz şäheriniň «Nowruz» ýaşaýyş toplumynda köp öýli iki ýaşaýyş jaýynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralar boldy, bu binalar Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» agentliginiň «Türkmendemirbetonönümleri» kärhanasynyň demirbeton önümleri zawodynyň ýerli gurluşyk edarasy tarapyndan guruldy. Dört gatly binalaryň her birinde iki hem-de üç otagly, ýerleşdirilişi gowulandyrylan 16 öý ýerleşýär, olary timarlamakda ýokary hilli döwrebap gurluşyk ser...

DOWAMY
pic
24 Apr

DÖM ULGAMYNDA MEÝLETIN MILLI SYNYŇ TAÝÝARLANYLMAGY BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI

2019-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurtda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmegi ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň taýýarlanylmagy boýunça Pudagara toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Meýletin milli synyň taslamasynyň esasy aýratynlyklary, şol sanda dizaýny, grafikasy we statistiki maglumatlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise şeýle hem Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaral...

DOWAMY
pic
24 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BEÝIK BRITANIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmen-Britan Söwda we senagat geňeşiniň (TUКTIC) nobatdaky ýedinji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Beýik Britaniýanyň Lordlar Palatasynyň agzasy Baronessa Emma Nikolsonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar iki ýurduň halkara guramalarynyň çäklerindäki we sebit derejesindäki ysnyşykly hyzmatdaşlygyna üns berdiler. Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň aras...

DOWAMY
pic
24 Apr

DURMUŞ TAÝDAN GORAGLYLYK ULGAMYNYŇ KÄMILLEŞDIRILMEGI BOÝUNÇA TASLAMANYŇ ÇÄKLERINDE KONSEPTUAL RESMINAMANYŇ SEREDILMEGI BOÝUNÇA DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Global gaznasynyň çäklerinde BMG-niň hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasyndaky “Inklýuziw we ýokary hilli durmuş hyzmatlary ýerli derejede ornaşdyrmagyň üsti bilen durmuş goraglylygy boýunça ulgamy kämilleşdirmek” teklip edilýän taslamanyň konsepsiýasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Me...

DOWAMY
pic
24 Apr

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ XIV HALKARA RADIO FESTIWALYNA WE VI BÜTINDÜNÝÄ RADIO MASLAHATYNA GATNAŞMAGY

2019-njy ýylyň 22-24 apreli aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde XIV Halkara radio festiwaly we VI Bütindünýä radio maslahaty geçirilýär. Oňa  Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşýar. Şeýle-de bu çärelere 30 golaý ýurtdan dürli wekiliýetler gatnaşýar. Вu çäreleriň çäginde türkmen wekiliýeti bilen EYR-nyň Radio we telewideniýe guramasynyň ýolb...

DOWAMY
pic
23 Apr

«MFT» KOMPANIÝASY MIWE SUWLARYNYŇ WE GAPLANAN GÖK ÖNÜMLERIŇ EKSPORTYNY ARTDYRÝAR

?MFT» (Maks food technology) kärhanasy miwe suwlarynyň we şerbetleriň, miwe mürepbeleriniň, duza ýatyrylan we gaplanan garyşyk gök öňnümleriň ýigrimä golaý görnüşini çykarýar. Daşoguzly welaýatynyň telekeçileri häzir ýurtda konserwantlary, reňkdir ys berijileri ulanman, tebigy önüm çykarýan ýeke-täk önüm öndürijilerdir. Telekeçi Myrat Allaýazowyň aýtmagyna görä, «MFT» kärhanasynyň önümleriniň ählisi gümrük bileleşiginde sertifikatlaşdyrylan, gümrük birleşiginiň ТР ТС 021/2011 Tehniki reglamen...

DOWAMY
pic
23 Apr

DÜNÝÄ BAZARYNDA TÜRKMEN ÖNÜMLERINIŇ MÖÇBERI WE GÖRNÜŞLERI ARTÝAR

Ministrler Kabinetiniň 19-njy aprelde bolan mejlisinde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde ýurdumyzyň söwda kuwwatyny artdyrmak boýunça taslama işlenip taýýarlanyldy. Bu taslama Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň 2016 — 2020-nji ýyllar üçin Çarçuwaly Maksatnamasyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Onda 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçir...

DOWAMY