SOŇKY HABARLAR
«ENE MÄHRI» DIÝEN HORMATLY ADA MYNASYP BOLAN ZENANLAR SARPALANDY
Şu gün paýtagtymyzda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi. Onuň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, sekiz we ondan-da köp çaga dogran hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak, şeýle hem köp çagaly maşgalalara döwrebap öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Baýramçylyk mynasybetli...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BUHARESTDE AZERBAÝJANYŇ WE GRUZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI BIREN DUŞUŞDY
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň daşary işler ministrleriniň Hazar deňzi — Gara deňiz aralygynda halkara ulag geçelgesini döretmegiň taslamasy boýunça şu aýda Buharestde geçirilen ýörite duşuşygynyň netijeleri barada habar berildi. Onuň gün tertibine Türkmenbaşy, Baku, Poti, Batumi we Konstansi portlary arkaly daşalýan ýükleri artdyrmaga degişli meseleler girizildi hem-de şu maksatlar bilen syýas...
TÜRKMENISTAN — ÝB: OBA HOJALYK PUDAGYNDA HYZMATDAŞLYK
Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanda oba hojalygyny we obany mundan beýläk-de durnukly ösdürmäge ýardam bermek — SARD III» Taslamasynyň Ýolbaşçy komitetiniň bäşinji iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga biziň ýurdumyzdan we ÝB-den Taslamanyň ýolbaşçylary, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar. S...
YKDYSADYÝETIMIZIŇ PUDAKLARYNDA ALNYP BARLAN IŞLERIŇ NETIJELERINIŇ ÝURDUMYZYŇ ÖZ DEPGINLI ÖSÜŞINI DOWAM EDÝÄNDIGINE ŞAÝATLYK EDÝÄR
Ykdysadyýetimizde jemi içerki önümiň ýokary görkezijisi 6,2 göterim möçberde saklanyp galýar. Degişli döwürde oba hojalygy 3,1 göterim, söwda ulgamy 10,7, ulag we aragatnaşyk pudagy 10, hyzmatlar ulgamy hem 8,2 göterim ösdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda bahasy 35 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän dürli desgalaryň köpçülikleýin gurluşygy dowam edýär. Olaryň köpüsi ýaşaýyş-durmuş maksatly binalardyr. Ähli ministrlikler we pudak edaralary boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdiri...
HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI BAÝRAMÇYLYK KONSERTI
Şu gün Halkara zenanlar baýramçylygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Watanymyzyň zenanlarynyň hormatyna sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Bu dabara türkmen halkynyň zenanlara bolan hormatyny we mähirli gatnaşygyny özünde jemleýän milli ýörelgeler esasynda ýurdumyzda giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, mähribanlygy we mylaýymlygy, wepalylygy we paýhasy, gözelligi we kämilligi özünde jemle...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY TÜRKMENISTANYŇ «ENE MÄHRI» DIÝEN HORMATLY ADYNY DAKMAK HAKYNDA
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel Diýarymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürýär. Alnyp barylýan beýik işler mähriban halkymyzyň bolelin we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, agzybir jemgyýetimiziň mundan beýläk-de kämilleşmegi üçin amatly mümkinçilikleri üpjün edýär. Barha gözel görke gelýän Garaşsyz ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine, ýetýän ýokary sepgitlerine zähmetsöýer zenanlar uly goşant goşýar. Ýaş nesillerimizi Watanym...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Ýer hakyndaky» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we «Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran 14668-nji kararyna laýyklykda, ýer böleklerini döwlet edara-kärhanalaryna, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde bermek bellenildi. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine Ahal, Balkan,...