img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
17 Apr

PAKISTANYŇ SÖWDA-SENAGAT EDARALARYNYŇ FEDERASIÝASYNDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANYP TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasy Pakistanyň Söwda-senagat edaralarynyň Federasiýasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan ykdysady syýasatyna hem-de birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlap tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Bu çärä Pakistanyň Söwda-senagat edaralarynyň Federasiýasynyň prezidenti Daru Han Açakzaý, uly wise-prezidenti Abdul Wahid, wize-prezidentleri Muhammad Ijaz Han, Kurban Ali, Hurşid Barlas hem-de Federasiýanyň ýerine ýetiriji komit...

DOWAMY
pic
16 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary jenap Tomas Greminger bilen duşuşdy. Ol ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň açylmagynyň 20 ýyllygyna gabatlanylan çärelere gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi. Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, öz ýolbaşçylyk edýän düzüminiň döredijilikli, öňdengörüjilikli syýasaty durmuşa geçirýän, sebitde we dünýäde parahatçylyg...

DOWAMY
pic
16 Apr

TÜRKIÝÄNIŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINDE OKAÝAN TÜRKMEN TALYPLARY FUTBOL ÝARYŞYNA GATNAŞDYLAR

Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsullygy Türkiýe Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda futbol boýunça ýaryş geçirdi. Ýaryş her ýyl ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleriniň biraýlygyna gabatlandy hem-de 2019-njy ýylyň “Türkmenistan –rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlandy. Talyplar bäsleşigine Türkiýäniň dürli ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň ýüzden gowragy gatnaşdy. Oňa gatnaşyjylar 12 topara bölünip, olaryň...

DOWAMY
pic
16 Apr

TÜRKMENISTANYŇ ERMENISTANDAKY DIPLOMATIK WEKILHANASY SPORT ÝARYŞYNY GURNADY

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Ermenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň arasynda bouling, bilýard we stol üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirdi. Ýerewanyň “Arena” sport klubynda geçirilen ýaryş her ýyl ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleriniň biraýlygyna gabatlandy hem-de 2019-njy ýylyň “Türkmenistan –rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlandy. Ýaryşyň açylyş we ýapylyş dabaralarynda Türkmenistanyň...

DOWAMY
pic
16 Apr

KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI DÖWLET SAPARY BILEN TÜRKMENISTANA GELDI

2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. 17-nji aprelde iki ýurduň Prezidentleriniň duşuşygy geçiriler. Onuň barşynda Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy, syýasy, sö...

DOWAMY
pic
16 Apr

AŞGABATDA ÝHHG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY MERKEZINIŇ AÇYLMAGYNYŇ 20-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň açylmagynyň 20-ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, şeýle hem ÝHHG-niň agza-ýurtlarynyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri bolan ÝHHG-niň, ÝB-niň hem-de BMG-niň jogap...

DOWAMY
pic
16 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY

ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Gremingeriň Türkmenistana saparynyň çäklerinde onuň Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň esaslandyrylan gününiň 20-ýyllygy mynasybetli gutlaglaryna minnetdarlyk bildirip, jenap Greminger Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn ösüşe, şeýle hem sebit derejesinde, edil şonuň ýaly-da global ölçeglerinde parahatçylygyň we ösüşiň saklanylmagyna gönükdirile...

DOWAMY