img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Few

KHBS ÜÇIN MAGLUMAT

2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Telefon arkaly gepleşigiň dowamynda Döwlet Baştutanlary halkara syýasy giňişliginde ikitaraplaýyn özara hereketleriň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Has takygy, 2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde Merkezi Aziýanyň Döwlet Baştutanlar...

DOWAMY
pic
26 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda, umumy taryhy we medeni arabaglanyşygy bolan bu iki döwletiň dostlukly gatnaşyklary barada aýdylanda, taraplar ynanyşmak, goldamak we birek-birege hormat goýmak esasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň konstruktiw häsiýetini aýratyn belläp geçdiler.  Halkara syýasy giňiş...

DOWAMY
pic
26 Few

TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ RAÝAT AWIASIÝASYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenhowaýollary” Agentliginiň binasynda Aşgabada iş sapary bilen gelen, Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň Raýat awiasiýasy boýunça baş müdirliginiň direktory Bahri Kesiçiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda awiagatnawlar ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlayşyldy. Türkiýe Respublikasynyň Ulag we i...

DOWAMY
pic
26 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Taraplar iki doganlyk halkyň mizemez dostlugyna esaslanan, däbe öwrülen döwletara dialogyň ýokary derejesine ünsi jemläp, ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini hem-de özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de köpugurly esasda ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sö...

DOWAMY
pic
26 Few

GANA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Tähran şäheri) täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohammed Saýuti Ýahaýa Iddi bilen duşuşyk geçirildi.    Duşuşygyň başynda Gana Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge...

DOWAMY
pic
25 Few

BUHAREST UNIWERSITETINIŇ WEKILIÝETINIŇ SAPARY

Şu gün Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Buharestiň ykdysady bilimler uniwersitetiniň rektory Nikolae Istudor we şol institutyň prorektory Konstantin Marius Profiroiu bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda ylym-bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Rumyn wekiliýetiniň agzalary ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Şunuň...

DOWAMY
pic
25 Few

SEULDA TÜRKMEN-KOREÝ HYZMATDAŞLYGYNYŇ GELEJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherine türkmen wekiliýetiniň gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat be...

DOWAMY