SOŇKY HABARLAR
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 2019-njy ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligine diplomatik notasyny ugratdy, onda Türkmenistanyň Hökümeti Eýran Yslam Respublikasynyň güýçli çagba ýagmyrlarynyň netijesinde bolup geçen suw joşgunlaryndan ejir çeken welaýatlarynyň ilatyna özüniň duýgudaşlygyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, iki goňşy döwletleriň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklara esaslanmak bilen türkmen tarapy Eýranyň halkyna...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILLERI HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA DAŞKENT DUŞUŞYGYNA GATNAŞARLAR
Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, şeýle hem Suw hojalygy döwlet komitetiniň hünärmenleri 3-4-nji aprelde Daşkentde geçiriljek howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça Merkezi Aziýa maslahatynda Türkmenistana wekilçilik ederler. Duşuşyk Bütindünýä bankynyň başlangyjynyň çäklerinde geçirilýär we döwlet edaralarynyň, sebit hem-de halkara guramalarynyň hünärmenleriniň 200-e golaýyny birleşdirer. Forum Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Merkezi A...
TÜRKMENISTAN — ÝAPONIÝA: DOSTLUK GATNAŞYKLARY WE ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYK IŞJEŇLEŞDIRILÝÄR
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Ýaponiýa ugradylýan wekiliýetiniň agzalarynyň öňünde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ileri tutulýan wezipeleri goýdy. Milli Liderimiz türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň netijeli, okgunly we dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, Günüň dogýan ýurdunyň döwletimiziň ygtybarly işewür hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady....
NOWRUZ BAÝRAMY MYNASYBETLI TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNA GUTLAG HATY GELIP GOWUŞDY
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Gruziýanyň halkynyň adyndan hem-de öz adymdan Sizi Halkara Nowruz baýramy bilen gutlaýaryn! Bu şanly günde Size hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna uly bagt, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Salome ZURABIŞWILI, Gruziýanyň Prezidenti.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýerlerde oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Milli Liderimiz ilki bilen sanly wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy. Häkim gowaça ekişiniň barşy, galla oragyna görülýän taýýarlyk barada hasabat b...
MILLI LIDERIMIZ SPORT ULAG MERKEZINE BARDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezine bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýere täze sport ulagynda geldi. Bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow sport ulagyny drift boýunça türgenleşikleri we ýaryşlary geçirmek üçin sowgat berýändigini a...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ IRI ŞÄHERI DÖRETMEGIŇ TASLAMALARY BILEN TANYŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze iri şäher toplumynyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy. Ak mermerli Aşgabat Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň öň hataryny çekmek bilen, özüniň ajaýyp binagärlik keşbine eýe boldy, soňky ýyllarda paýtagtymyzyň binagärlik toplumlarynyň üsti özboluşly desgalar, şol sanda iri ýaşaýyş toplumlary bilen ýetirildi. Milli Lide...