SOŇKY HABARLAR
MÖHLETINDEN ÖŇ SES BERMEK — DEMOKRATIK ÝÖRELGELERIŇ AMALA AŞYRYLMAGY
21-nji martda Türkmenistanda Saýlaw kodeksine laýyklykda, käbir saýlaw okruglary boýunça milli parlamentiň deputatlaryny, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermeklik başlandy. Saýlaw kodeksine laýyklykda, bu işler, ilkinji nobatda, uzak wagtlyk gulluk iş saparyna gidýänler ýa-da zähmet dynç alşyna çykýanlar üçin, şeýle hem saýlawlar güni — 31-nji martda ol ýa-da beýleki sebäplere görä, öz saýlaw uçastogyna gelip, has mynasyp dalaşgäre ses berip...
ТУРКМЕНСКАЯ ДЕЛЕГАЦИЯ ОБСУДИТ С ЯПОНСКИМИ ПАРТНЕРАМИ АСПЕКТЫ ВНЕДРЕНИЯ НОВЕЙШИХ ТЕХНОЛОГИЙ ВОДОПОЛЬЗОВАНИЯ
Президент Гурбангулы Бердымухамедов в ходе рабочего совещания по цифровой видеосвязи, состоявшегося 20 марта, дал ряд важных поручений членам туркменской делегации, которая направляется в Японию с целью проведения рабочих консультаций и переговоров. Так, руководителю Госкомитета водного хозяйства был дан целый комплекс указаний, в частности, обсудить со своими японскими партнерами вопросы углубления взаимодействия в области современных методов мелиорации за счет внедрения новейших технологий...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda özara hyzmatdaşlyk boýunça täze teklipleri ara alyp maslahatlaşmak üçin, ýurdumyzyň Ýaponiýa gidýän wekiliýetiniň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi, şeýle hem döwletimiziň gündelik durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy we resminamalaryň birnäçesi kabul edildi. Milli Liderimiz maslahaty açyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, Türkm...
RESMI HABAR
?Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmak we keselleriň öňüni almak, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap hassahanalary gurmak işlerini dowam etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Balkan welaýatynyň häkimligine: Türkmenbaş...
“TÜRKMENPOÇTA” KOMPANIÝASY ÝURDUŇ IÇINDE PUL GEÇIRIMLER ULGAMYNY ORNAŞDYRDY
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşygy kompaniýasy ilata edilýän hyzmatlaryň çägini giňeldýär. Hususan-da, indi aragatnaşyk bölümleriniň ählisinde ýurduň içinde elektron pul geçirimlerini amala aşyryp bolýar. Puly çalt ugratmak-almak üçin aragatnaşyk bölümine pasportyňy görkezip, ony alýanyň adyny, familiýasyny we salgysyny görkezmek ýeterlik. Şunda iki: adaty we talyp nyrhnamalary hereket edýär. Häzirki wagtda “Türkmenpoçta” kompaniýasynyň hyzmatlarynyň sanawynda...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak we ösdürmek hem-de eziz Diýarymyzda şanly seneleri guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Sanly wideoaragatna...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ WENA ŞÄHERINDE BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERI BARADAKY KOMISSIÝASYNYŇ 62-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 14-15-nji marty aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň neşe serişdeleri baradaky Komissiýasynyň nobatdaky 62-nji sessiýasynyň isine gatnaşdy. Komissiýanyň gün tertibiniň esasy meseleleri bolan neşe serişdeleriň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanşygy boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler neşe serişdelerine gözegçilik etmek boýunça halkara ulgamynyň geljekde hem pugtalandyrylmagyna, BMG-niň neşe serişdeler...