img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Few

TÜRKMENISTANDA GUŞLARY HASABA ALMAGYŇ GYŞKY MÖWSÜMI TAMAMLANDY

Fewral aýynda guşlary hasaba almagyň gyşky möwsüminiň jemi jemlenilýär, bu iş biziň ýurdumyzda indi ýarym asyrdan gowrak wagt bäri alnyp barylýar we Dewmirgazyk Ýewraziýada suwda ýüzýän hem-de suwa golaý ýerlerde ýaşaýan guşlaryň köpelişine gözegçiligiň halkara maksatnamalarynyň bir bölegi bolup durýar.Ornitologlaryň soňky aýlardaky meýdan ekspedisiýlarynyň netijeleri barada Merkezi Aziýa Ramsar sebit başlangyjynyň ungaşdyryjy komitetiniň başlygy, biologiýa ylymlarynyň doktory, professor Eldar R...

DOWAMY
pic
6 Few

KÖÝTENDAGYŇ ÝERASTY DÜNÝÄSINIŇ SYRLARY: GARLYK GOWAKLARYNYŇ ÖZBOLUŞLY HAÝWANAT DÜNÝÄSI

Günorta-gündogar Türkmenistanyň Köýtendag gerşi depesi garly, şypaly çeşmeleriň, owadanlygy bilen haýran edýän derýa hanalarynyň, gözel şaglawuklaryň, ýaşy asyr aşan daragtlaryň we gadymy eýýamlarda ýaşan haýwanlaryň yzlarynyň daşa öwrülip giden ýerleriniň mekanydyr. Köýtendagyň esasy ajap ýerleriniň birem Garlyk obasynyň golaýyndaky Gapgotan, Haşymoýuk, Gülşirin, Aralyk, Daşýürek, Dik (Kunstkamera) ýaly we ýene-de ownuklarynyň onlarçasyny birleşdirýän Garlyk tebigy ýerasty köwler ulgamydyr....

DOWAMY
pic
6 Few

TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERINE SEREDIP GEÇDILER

2019-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşikleri geçirildi. Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlyklarynyň derwaýys meselelerine seredildi. Şonuň ýaly-da energetika, ulag, aragatnaşyk...

DOWAMY
pic
5 Few

BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY - ŽURNALISTLERIŇ ÜNS MERKEZINDE

Şu gün Söwda-senagat edarasynda Daşary işler ministrliginiň guramagynda halkara mediaforum geçirildi. Ol şu ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda boljak birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlandy. Duşuşyga Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň dünýä belli iri habarlar agentlikleriniň, teleýaýlymlarynyň, gazetleriniň hem-de žurnallarynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan işler hem-de guralýan çäreler barada žurnalistlere gürrüň bermek üçin minis...

DOWAMY
pic
5 Few

TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK BARADAKY MERKEZI TOPAR UÇASTOK WE OKRUG TOPARLARYNYŇ IŞGÄRLERI ÜÇIN SEMINARLARY GURADY

Türkmenistanda 31-nji martda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň möheltinden öň çykyp gidenleriniň ýerine saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýär. Saýlawlara taýýarlyk we olary geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda 4-nji we 5-nj fewralda welaýat, etrap, şäher we okrug saýlaw toparlarynyň işgärleri üçin okuw seminarlary gurnaldy. Okuw-türgenleşikleri olaryň hünär mümkinçiligini we hukuk bilimlerini ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Duşuşyklard...

DOWAMY
pic
5 Few

HALAÇ ETRABYNDA AGYZ SUW ZAWODY IŞE GIRIZILMÄGE TAÝÝARLANYLÝAR

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Altyn bürgüt” hususy kärhanasynyň bina edýän Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky döwrebap agyz suw zawodynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Umuman gurluşyk-montaž, tehnologik we kömekçi enjamlary oturtmak işleri tamamlandy. Kärhananyň binasy gözbaşyny Amyderýadan alýan Esenmeňli magistral kanalyň golaýynda guruldy. Toplum ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmek Baş maksatnamasyna laýyklykda guruldy, häzirki wagtda onuň ç...

DOWAMY
pic
5 Few

ÝURDUMYZYŇ IŇ GOWY ETRABYNA BAÝRAK GOWŞURYLDY

Şu gün Esenguly etrabynyň merkezinde baýramçylyk öwüşginli dabara boldy. Bu ýerde 2018-nji ýylda ýurdumyzyň etraplarynyň arasynda guralan bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edilen etraba ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki mynasyp bolan baýragyny gowşurmak dabarasy boldy. Bu ýerde guralan dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular hem-de et...

DOWAMY