SOŇKY HABARLAR
FRANSIÝALY NAKGAŞ ZENAN IRIS FOSSÝE AŞGABATLYLARY ÖZ DÖREDIJILIGI BILEN TANYŞDYRDY
Fransiýaly nakgaş Iris Fossýeniň Fransuz institutynda açylan işleriniň sergisi ussat nakgaşlaryň, şeýle hem şekillendiriş sungatynyň muşdaklarynyň ünsüni özüne çekdi. Parižiň Bezeg sungaty ýokary mekdebiniň we Nepis sungatlar ýokary mekdebiniň uçurymy Iris Fossýe dünýä üýtgeşik – göwnaçyk we şadyýan garaýyşly awangard usula ýykgyn edýän nakgaş. Şonuň üçinem onuň eserleri aýratyn özüne çekiji çykýar. Iris ýelim we krahmaldyr kagyzlardan - papýe-maşeden bezegli zatlary ýasaýar. Olar, esasan, üý...
TÜRKMEN KÖLÜNIŇ DAŞOGUZ GOLUNYŇ KENARYNDA MEKAN TUTÝAN DÜRLI GÖRNÜŞLI GUŞLARYŇ SANY ARTÝAR
Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň işgärleriniň gözegçiligine görä, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň Daşoguz golunyň kenarynda balyk bilen iýmitlenýän guşlaryň sany artdy. Ozal Sarygamyş kölünde ýaşan gotanlar, jübtünler, çarlaklar, ördekler we beýleki guşlar bu ýerde mekan tutýarlar. Gyşlaga gelýän suwly-batgaly ýerlerde ýaşaýan guşlaryň-da sany artýar. Hünärmenleriň pikirine görä, bu, ozaly bilen, kölüň biologik gorlarynyň baýlaşmagy netijesinde indi balyklaryň onlarça görnüşiniň barlygy, şeýle hem e...
TÜRKMENISTANYŇ SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER BIRLEŞMESINIŇ AGZALARYNA
Hormatly türkmen telekeçileri! Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň on bir ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip atlandyrylan ýylda bazar gatnaşyklaryny emele getirmek wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň ykdysady we durmuş syýasatyny özgertmek boýunça netijeli işler dowam etdirilýär. Giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar...
TÜRKMENISTAN WE BAHREÝN ÄHLI UGURLAR BOÝUNÇA ÖZARA GATNAŞYKLARY MUNDAN BEÝLÄK HEM GIŇELTMÄGE YGRARLYDYKLARYNY TASSYKLADYLAR
2019-njy ýylyň 16-njy martynda Aşgabatda türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçirildi. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkmenistana Bahreýn Patyşalygynyň işewürler toparynyň wekilleriniň ähmiýetli wekiliýeti geldi. Işewürler maslahatyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem hususy pudagyň kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Gutlag sözlerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri A.Işanow we Bahreýn Patyşalygy...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER BIRLEŞMESINIŇ SERGI-ÝARMARKASY AÇYLDY
2019-njy ýylyň 16-njy martynda Aşgabat şäheriniň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 11 ýyllygyna bagyşlanan sergi-ýarmarkasy açyldy. Serginiň dabaraly açylyşyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatiki korpusyň ýolbaşçylary we wekilleri, daşary ýurtl...
BAHREÝNIŇ PATYŞASYNYŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARYNYŇ BOLMAGYNA GARAŞYLÝAR
2019-njy ýylyň 17-nji martynda Bahreýn Patyşalygynyň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifa Aşgabada döwlet sapary bilen gelýär. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýnyň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifanyň arasynda duşuşyk guralar. Duşuşygyň barşynda iki döwletiň liderleri syýasy, bank we nebitgaz ulgamlarynda, himiýa senagatyny şeýle-de söwda-ykdysady gatnaşyklaryny hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde türkmen-bahreýn gatnaşyklarynyň gelj...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini, dizel ýangyjyny, owganystanly işewürler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoý...