SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY R.Ş.REJEPOW HAKYNDA
Resul Şyhdurdyýewiç Rejepowy Türkmenistanyň dokma senagaty ministri wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 1-nji fewraly.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY T.Ç.DÜRHANOW HAKYNDA
Tahyrberdi Çaryberdiýewiç Dürhanowy Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa ministri wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 1-nji fewraly.
«HALK HAKYDASY» ÝADYGÄRLIK TOPLUMYNYŇ MUZEÝINE BARÝANLAR ELEKTRON GÖRKEZIJINIŇ HYZMATYNDAN PEÝDALANYP BILERLER
Paýtagtymyzyň Bekrewe köçesiniň ugrundaky owadan baýyrda gök arçalardyr serwi agçalary bilen gurşalan Watan goragçylaryna we 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesiniň pidalaryna bagyşlanan «Halk hakydasy» Ýadygärlik toplumy ýerleşýär. Toplumda “Watan mukaddesligi” muzeýi ýerleşýär. Granit örtülen kaşaň bina täsirli tematiki barelýef bilen bezelipdir. Elektron gapylar açylandan bu ýere gelýänleri ýagty giň otaga muzeýiň işgärleri garşylap, olara sergi bölümlerindäkiler barada türkmen, rus we iň...
TÜRKMENISTAN BAZAR GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMEGIŇ ŞERTLERINI ÜPJÜN EDÝÄR
Şu gün Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» hem-de «Türkmensenagat» agentliklerinde maslahatlar geçirilip, olarda ýakyn geljek üçin bu düzümleriň işiniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalary bilen ýakynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge hem-de onuň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmäge gönükdirilen möhüm wezipel...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Agamurad Baýramgeldiýewiç Haýytmuradowy Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy wezipesine saýlamak hakynda şol ministrligiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2019-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy.
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Röwşen Şamyradowiç Öwezowy Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» agentliginiň başlygy wezipesine saýlamak hakynda şol ministrligiň «Türkmensenagat» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2019-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy.
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýazmyrat Muhammetmyradowiç Muhammetmyradow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesine bellenilip, ol «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Bäşimow Döwletmyrat Nurberdiýewiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesinden boşadyldy.