SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EFIOPIÝA FEDERATIW DEMOKRATIK RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti hanym Sahle-Work Zewdä «Ethiopian Airlines» awiakompaniýasynyň uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi. Hormatly Prezidentimiz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözler...
KÜŞTDEPDI TANSY — HINDISTANDA GEÇIRILEN HALKARA TANS FESTIWALYNDA
Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde 7 — 10-njy mart aralygynda Aziýa — Ýuwaş Umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) II Halkara tans festiwaly geçirildi. Onda Türkmenistanyň kenarýaka sebitinden «Dehistan» meşhur folklor-etnografiýa topary üstünlikli çykyş etdi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebitçiler medeniýet köşgüniň topary dünýäniň köp ýurtlarynda milli sungatymyzyň özboluşly öwüşginlerini beýan edýän çykyşlary görkezdi hem-de tomaşaçylaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy....
DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDA TÜRKMEN AGYR ATLETIKAÇYSYNYŇ GAZANAN BÜRÜNÇ MEDALY
Şu günler ABŞ-da ýaşlaryň arasynda geçýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ildeşimiz Bektimur Reýimow bürünç medala eýe boldy. Türkmenistanly türgen bu baýragy 67 kilograma çenli agramlyk derejesinde çykyş edip gazandy. Türkmen türgenine birden götermekde 122 kilogram, itekläp götermekde bolsa 147 kilogram agramlygy galdyrmak başartdy. Şeýlelikde, iki görnüşiň jemi boýunça biziň türgenimiz üçünji orny eýeledi. Onuň görkezijisi 269 kilograma barabar boldy. Munuň özi öňe çykan gruziýal...
SPORT TANSY MILLI MEKDEBINIŇ WEKILLERINIŇ ÇYKYŞY
“Watan” kinokonsert zalynyň sahnasynda çagalaryň 170-si şowhunly tans konserti bilen çykyş etdiler. Türkmenistanyň Sport tansy federasiýasynyň düzümindäki paýtagtymyzyň klublary hasabat konsertini Halkara zenanlar gününe bagyşladylar. Ýaşajyk artistleri goldamaga olaryň ata-eneleri, dost-ýarlary we tans sungatynyň muşdaklarynyň ençemesi gelipdirler. Ýaşajyk zehinler sahna öwrenişmek üçin konsert başlanmazdan bir sagat öň geldiler. Owadan tans köýnekli, saçlary gelşikli timarlanan, gözleri uçg...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNA GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreşe «Ethiopian Airlines» awiakompaniýasynyň uçarynyň heläkçilige uçramagy netijesinde Birleşen Milletler Guramasynyň köp sanly işgärleriniň gurban bolandygy zerarly gynanç hatyny iberdi. Hormatly Prezidentimiz öz hatynda bu pajygaly habary uly gynanç duýgusy bilen kabul edendigini belläp, şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban...
ŞWEÝSARIÝANYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR
2019-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň diplomatik işini tamamlaýan Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistanydaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Filipp Ştalder bilen hoşlaşyk duşuşygy geçirildi. Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ilçisi, gyzgyn kabul edileni üçin minnetdarlygyny bildirip, iki ýurduň global ulgamlaryndaky hyzmatdaşlykda işjeň özara gatnaşyklary belledi. Şeýle hem, j-p Ilçi hemişeki ünsüne hem-de diplomatik i...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE KANADANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GURALDY
2019-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Kanadanyň Ilçisi Kristofer Kuter bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Demirgazyk Amerika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti barada belledi. Şu nukdaýnazardan alanyňda taraplar, ilkinji ýokary derejeli ikitaraplaýyn saparlary gurnamagyň mümkinçiliklerine garadylar. Şeýle hem halkara guramalaryň, esasan-da BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek bara...