SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN — GERMANIÝA: MEDENIÝET ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Muzeý gymmatlyklary we medeni gatnaşyklar» mowzugy boýunça duşuşyk geçirildi. Ol ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynda geçirilýän «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň şalygy» atly arheologik sergä bagyşlandy. Duşuşyga ýurdumyza sapar bilen gelen Berliniň döwlet muzeýler birleşigine girýän Taryh döwrüne çenli we irki taryh muzeýiniň, Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn mu...
TÜRKMENABATLY HIMIÝAÇYLAR SUWY ARASSALAMAK ÜÇIN KOAGULÝANTYŇ ÇYKARYLYŞYNY DIKELTDILER
“Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň Türkmenabatdaky himiýa zawody koagulýantyň- tehniki arassalanan sulfat ammonisiniň birinji tapgyryny çykardy. Hojalykda ulanylýan-agyz suwuny we senagata niýetlenen suwy howply garyndylardan hem-de zyýanly mikroorganizmlerden arassalamak üçin reagentiň önümçiligi “Ussat ýardamçy” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda ýola goýuldy. Bilelikdäki önümçilik köne sehiň binýadynda döredildi. Telekeçileriň gatnaşmagynda üznüksiz işleýän liniýalaryň dördüsinden biri di...
YSLAMABATDA TÜRKMEN-PAKISTAN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Pakistan Yslam Respublikasyna sapary boldy. Türkmen wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti jenap Arif Alwi tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenilip geçildi. Pakistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan d...
TÜRKMENISTANDA ISPANIÝANYŇ TÄZE ILÇISI IŞE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ispaniýanyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa şäheri) jenap Fernando Walderrama Pareha bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçi özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy we türkmen tarapyna myhmansöýerligi hem-de bu duşuşygyň ýokary derejeli guramaçylygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol şeýle hem sebitde howpsuzlygyň we ykdysady ösüşiň üpjün edilmeginde Türkmenistanyň möhüm...
AŞGABATDA HAZAR DEŇZINDE GÖZLEG-HALAS EDIŞ IŞLERINI GEÇIRMEK HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ TASLAMASY ARA ALNYP MASLAHATLAŞLAŞYLÝAR
2019-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň «Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda» Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak boýunça birinji mejlisi öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu çäre ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Preziden...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň, şeýle hem Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, käbir döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, şeýle hem paýtagtymyzy we ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işl...
RESMI HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkimi Kürtow Kakamyrat Begençmyradowiçe käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkiminiň orunbasary Gurbanow Arman Muhammetnazarowiçe käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezid...