SOŇKY HABARLAR
«AZIÝANYŇ ÇAGALARY — 2019» OÝUNLARY TAMAMLANDY
Şu gün «Spartak» stadionynda «Aziýanyň çagalary — 2019» birinji gyşky halkara oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Şu mynasybetli bu ýerde geçirilen täsirli şüweleňde Sahaliniň häzirki zaman ýerine ýetirijileri, özboluşly halk döredijilik toparlary, zehinli ýaş aýdymçylar çykyş etdiler. Göwünleri galkyndyran owadan feýerwerk baýramçylygyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Bu ýaryşlarda Türkmenistanyň sportuň hokkeý hem-de figuralaýyn typmak görnüşlerinde wekilçilik edendigini ýatlamak bolar....
RESMI HABAR
Şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly gecirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna taýýarlyk barada hasabat berdi. Goňşy döwletler, şol sanda Owganystan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi. Owganystanyň halkyny türkmen halky bilen köpasyrlyk dostluk gatnaşyk...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ulag ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek, deňiz söwda flotunyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek hem-de milli deňiz söwda flotuny ösdürmek maksady bilen we Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Deňizde milli daşaýjy (gatnadyjy) diýlip kesgitlenildi. Deňizde milli...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda 2019-njy ýylda: ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Bäherden etraplarynyň aralygynda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 1...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň depginini has-da ýokarlandyrmak, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem-de «Gurluşykda milli çykdajy ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 29-njy martynda çykaran 715-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, T...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda waksinalar arkaly keselleriň öňüni almak we bu işde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda Satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda özara düşünişmek baradaky...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda telekeçiligiň ösdürilmegi, maýa goýumlarynyň çekilmegi hem-de netijeli durmuş maksatly bazar ykdysadyýetiniň ösdürilmegi üçin giň şertleri döretmek, şeýle hem ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda döwlet bilen hususy ulgamyň hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 3-nji iýunynda çykaran 14813-nji Kararyna laýyklykda, Ahal, Lebap we...