img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
31 Ýan

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Röwşen Şamyradowiç Öwezowy Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» agentliginiň başlygy wezipesine saýlamak hakynda şol ministrligiň «Türkmensenagat» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2019-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy.

DOWAMY
pic
31 Ýan

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýazmyrat Muhammetmyradowiç Muhammetmyradow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesine bellenilip, ol «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.  * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Bäşimow Döwletmyrat Nurberdiýewiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesinden boşadyldy.

DOWAMY
pic
31 Ýan

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Murad Agamuradowiç Gurbandurdyýew «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.    * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Röwşen Şamyradowiç Öwezow başga işe geçmegi sebäpli, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

DOWAMY
pic
31 Ýan

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Guwanç Welinazarowiç Agajanow «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

DOWAMY
pic
31 Ýan

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Hajymuhammet Saparmuhammedowiç Rejepmyradow Türkmenistanyň energetika ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

DOWAMY
pic
31 Ýan

MILLI SENAGATYŇ ÖSÜŞI — TÄZE NEŞIRIŇ SAHYPALARYNDA

Türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän «Türkmenistanyň senagaty» ћurnalynyň täze sany çapdan çykdy. Neşir döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek baradaky maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda dürli durmuş we önümçilik maksatly täze desgalaryň ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly makala bilen açylýar.  Makalalaryň birnäçesi ýurdumyzyň iri senagat kärhanalarynyň işine bagyşlanýar. «Binalar daşdan başlanýar» atly makalada «Türkmendaşlary» önümç...

DOWAMY
pic
31 Ýan

TÜRKMENISTAN — ÝEWROPA BILELEŞIGI: ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYK GIŇELDILÝÄR

Şu günler Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen ÝB-niň dürli düzümleriniň uly wekiliýetleri bilen duşuşyklar geçirilýär.  Ýurdumyzyň daşary syýasatyň Ýewropa ugruna ygrarlylygy bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ägirt uly kuwwatynyň gatnaşý...

DOWAMY