img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Ýan

SEBITLERDE OBA ÝERLERINI GAZLAŞDYRMAK MAKSATNAMASY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda Milli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde orta basyşly gaz geçirijileriniň gurluşygy alnyp barylýar. Şu günler “Türkmengazüpjünçilik” birleşiginiň Daşoguz direksiýasynyň hünärmenleri “Jeýhun” daýhan birleşiginiň “Gaty oý” obasynyň täze gurluşyklaryna gaz kommunikasiýalaryny çekýärler. Onuň umumy uzynlygy bir ýarym kilometrden gowrak bolar. Şeýle hem şu günler dürli uzynlykdaky orta basyşly täze gaz turbalary “Gökçäge” daýhan birleşigniň...

DOWAMY
pic
3 Ýan

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gunça Gurbangeldiýewna Orazgeldiýewa Balkan welaýatynyň Hazar şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

DOWAMY
pic
2 Ýan

TÄZE ÝYL DABARALARY WATANYMYZYŇ ÝAŞ NESILLERINIŇ BAGTYÝARLYGYNY ARTDYRÝAR

Şu gün Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminiň açylmagyna bagyşlanan dabaraly çäre boldy. Dabara tamamlanandan soňra, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň mekdep okuwçylary Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine ugradylar. Şu ýyl 7 müňden gowrak okuwçyny kabul etjek Gökderedäki sagaldyş merkezleriniň 14-sinden başga-da, ýurdumyzyň welaýatlarynda hereket edýän sagaldyş merkezleriniň 5-si körpeleriň 1...

DOWAMY
pic
2 Ýan

DAŞARY ÝURTLY SYÝASATÇYLAR TÜRKMEN LIDERINE TÄZE ÝYL GUTLAGLARYNY IBERÝÄRLER

Onuň Alyhezreti,  Türkmenistanyň Prezidenti  jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA  Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!  Täze ýyl baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!  Geçen ýyl Russiýany we Türkmenistany birleşdirýän strategik hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösmegine beslendi. Söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklary berkidildi. Sebitara hyzmatdaşlyk, işewürlik we jemgyýetçilik toparlarynyň gatnaşyklary giňeldi.  Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyny giňeltmek,...

DOWAMY
pic
2 Ýan

SERDAR BERDIMUHAMEDOW AHAL WELAÝATYNYŇ HÄKIMINIŇ ORUNBASARY WEZIPESINE BELLENILDI

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

DOWAMY
pic
2 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BRAZILIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Žair Bolsonara Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlagyny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, Braziliýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdi.

DOWAMY
pic
2 Ýan

TÄZE ÝYL DABARALARY WATANYMYZYŇ ÝAŞ NESILLERINIŇ BAGTYÝARLYGYNY ARTDYRÝAR

Şu gün “Aşgabat” myhmanhanasynda giň möçberli baýramçylyk çäresi geçirildi. Paýtagtymyzyň häkimliginiň guran çäresiniň maksatnamasy şatlykly wakalara baý boldy. Bu ýerde ýurdumyzyň estrada ýerine ýetirijileri, teatrlaryň artistleri, tans toparlary çykyş edip, çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdylar. Myhmanhananyň göwnejaý derejede bezelen zalynda bagtyýar çagalaryň gülküsi belentden ýaňlandy. Olar guralýan çärelere uly joşgun bilen gatnaşdylar. Bezegli arçanyň töwereginde ýaýbaňlandyry...

DOWAMY