SOŇKY HABARLAR
“GALKAN” TOPARY — HOKKEÝ BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KUBOGYNYŇ EÝESI
Şu gün Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanyp geçirilen hokkeý boýunça ýaryşlar tamamlandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň finalynda “Galkan” we “Watançy” toparlary duşuşdylar. Ýaryşlara ýurdumyzyň ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna wekilçilik edýän toparlaryň jemi altysy gatnaşdy. Ilkinji tapgyrda olar her birinde üç topar bolan iki toparça bölündiler, olarda ýarym finalçylar kesgitlenildi. “A” toparçada birinji duşuşykda “Şir” toparyndan 5:3 h...
ABŞ-NYŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili j-p Zalmaý Halilzadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek işinde oňyn netijeleri belläp, taraplar olary geljekde diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklikde gyzyklanma bildirdiler. Owganystanyň daşyndaky syýasy ýagdaýyň...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERINE WE JENAÝATLARA GARŞY MÜDÜRIÝETINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GURALDY
2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler minisrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdüriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit ýolbaşçysy hanym Aşita Mittalyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk gurnaldy. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy BMG-niň neşelere we jenaýatalara garşy göreşmek müdüriýetiniň sebit ýolbaşçysyna, Bitaraplygyň halkara gününe bagyşlanyp geçirilýän çärelere gatnaşmaklyga çakylygy kabul edendigi we BM...
«BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ MIRASY WE HÄZIRKI ZAMAN HALKARA GATNAŞYKLARY» ATLY HALKARA YLMY MASLAHATA GATNAŞYJYLARA
Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy, şeýle hem ýetip gelen Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmegi bilen şu günki halkara maslahatyň gün tertibiniň mazmun taýdan umumylygy hem çuňňur mana eýedir. Adamzat taryhynyň aýrylmaz bölegi bolan Beýik Ýüpek ý...
RESMI HABAR
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raý...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, awtomobil ulaglary ministri “Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşyga” laýyklykda ilkinji ýük kerweniniň ugradylmagy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärä gatnaşmak üçin, 2018-nji ýylyň 12 — 13-nji dekabrynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
TÜRKMENISTAN TOPH GAZ GEÇIRIJISI BOÝUNÇA HALKARA HYZAMTDAŞLYGY IŞJEŇLEŞDIRÝÄR
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz, ilki bilen, wideoşekilli aragatnaşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewi çagyrdy. Ý.Kakaýew Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşy hakynda hasabat berdi. Hususan-da, häzirki wagtda täze energetika ulgamynyň türkmen bölegini gurmak işleriniň dowam edýändigi bellenildi. O...