SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Akjemal Kerimberdiýewna Durdyýewa Daşoguz welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.
DÖWLETIŇ YKDYSADY KUWWATY — JEMGYÝETIŇ WE HER BIR ADAMYŇ ROWAÇLYGYNA
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan hem-de 2025-nji ýyla çenli döwür üçin niýetlenen we Türkmenistanda durmuşa geçirilip başlanan sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy ähli pudaklary tehnologik taýdan özgertmegiň we olaryň döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysady bilimleri kemala getirmegiň özboluşly ýol kartasydyr. Munuň özi türkmen ykdysadyýeti üçin hil taýdan täze t...
TÜRKMENISTAN — GDA: YNSANPERWER ULGAMDA HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR
Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň wekiliýetiniň paýtagtymyza bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň birnäçe ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda duşuşyklar hem-de gepleşikler geçirildi. Wekiliýetiň düzüminde Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň müdirliginiň başlygy, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halk artisti Polat Bilbil ogly, Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara g...
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ÝARAGLY GÜÝÇLERINIŇ SERKERDELERINE, ESGERLERINE, GULLUKÇYLARYNA WE HARBY TALYPLARYNA
Hormatly Watan goragçylary! Sizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinde bellenýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 27 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýram döwletimiziň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini we konstitusion gurluşyny gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçeklerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakda edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr....
TÜRKMENISTANYŇ ÝARAGLY GÜÝÇLERINE — 27 ÝYL
2019-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistan Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 27 ýyllygyny belleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän düýpli we täze özgertmeleriň hem-de milli Liderimiziň harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary baradaky ýadawsyz aladalarynyň netijesinde biziň goşunymyz häzirki zamanyň ýokary tehnologiýaly hem-de ykjam Mi...
TÜRKMENISTANDA MERDANA WATAN GORAGÇYLARY SARPALANYLÝAR
Şu gün ýurdumyzda şanly sene bolan Watan goragçylarynyň güni we Milli goşunyň döredilmeginiň 27 ýyllygy giňden dabaralandyryldy. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow serkerdelere, esgerlere, gullukçylara we harby talyplara iberen Gutlagynda ýurdumyzy senagat taýdan kuwwatly, durmuş-ykdysady taýdan ösen döwlete öwürmekde, uly ösüşleri gazanmakda, belent sepgitlere ýetmekde Watan goragçylarynyň mynasyp goşandyny...
MEDENIÝET WE BILIM ULGAMLARYNYŇ WEKILLERI KITABYŇ ÄHMIÝETI BARADA TALYPLAR BILEN SÖHBETDEŞLIK GEÇIRDILER
Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaplar sergisi merkezinde Medeniýet we Bilim ministrlikleriniň bileikde gurnan “tegelek stoly” “Türkmenistan—rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlandy. Duşuşyga ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, döredijilik işgärleri, kitaphanalaryň işgärleri we paýtagtymyzda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenlerden Magtymguly adyndaky TDU-nyň hukuk kafedrasynyň dosenti Aşyrgeldi Jumaýew, Türkmen...