SOŇKY HABARLAR
«BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ MIRASY WE HÄZIRKI ZAMAN HALKARA GATNAŞYKLARY» ATLY HALKARA YLMY MASLAHATA GATNAŞYJYLARA
Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy, şeýle hem ýetip gelen Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmegi bilen şu günki halkara maslahatyň gün tertibiniň mazmun taýdan umumylygy hem çuňňur mana eýedir. Adamzat taryhynyň aýrylmaz bölegi bolan Beýik Ýüpek ý...
RESMI HABAR
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raý...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, awtomobil ulaglary ministri “Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşyga” laýyklykda ilkinji ýük kerweniniň ugradylmagy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärä gatnaşmak üçin, 2018-nji ýylyň 12 — 13-nji dekabrynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
TÜRKMENISTAN TOPH GAZ GEÇIRIJISI BOÝUNÇA HALKARA HYZAMTDAŞLYGY IŞJEŇLEŞDIRÝÄR
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz, ilki bilen, wideoşekilli aragatnaşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewi çagyrdy. Ý.Kakaýew Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşy hakynda hasabat berdi. Hususan-da, häzirki wagtda täze energetika ulgamynyň türkmen bölegini gurmak işleriniň dowam edýändigi bellenildi. O...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WIDEOŞEKILLI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, wajyp özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň barşy baradaky hem-de döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri girizildi. Milli Liderimiz, ilki bilen, wideoşekilli...
MÜSÜR ARAP RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak üçin gelen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) jenap Ihab Ahmet Nasr bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar özleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdiler. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatda...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ YNSANPERWER MESELELERI BOÝUNÇA KÖMEKÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ynsanperwer meseleleri boýunça kömekçisi Raşid Halikowyň ýolbaşçylygynda Aşgabada iş sapary bilen gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň goňşy ýurtlara hem-de tebigy hadysalarynyň netijelerinde ejir çeken ýurtlara berýän kömegini belläp geçdiler, şeýle hem Guramanyň adatdan daşary hadysalara taýyn bolmak we dessine çäre görme...