SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN DÖWRÜŇ WEHIMLERINE WE HOWPLARYNA GARŞY AÝGYTLY GÖREŞÝÄR
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralar bilen bilelikde üstünlikli geçirilen ýörite çäreleriň birnäçesiniň barşynda ele salnan neşe serişdelerini, psihotrop maddalary, ýasama temmäki önümlerini ýok etmek boýunça nobatdaky çäre geçirildi. Ýurdumyzyň Hökümeti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Neşekeşlige garşy göreşmek baradaky döwlet utgaşdyryjy topar hem-de Içeri işler ministrligi tarapyndan guralan çärä...
В МУГНИР ПРОЙДЁТ ПРЕЗЕНТАЦИЯ ОЧЕРЕДНОГО НОМЕРА ЖУРНАЛА «ГАЛКЫНЫШ»
8 декабря в рамках юбилейных мероприятий, посвящённых 10-летию Австрийско-Туркменского общества, в Международном университете гуманитарных наук и развития состоится презентация нового номера журнала «Галкыныш», издаваемого на немецком и русском языках при поддержке Посольства Туркменистана в Австрии. Очередной выпуск издания посвящён девизу «Туркменистан – сердце Великого Шёлкового пути». В номере опубликованы статьи и фотоматериалы о знаковых событиях года – выступление Президента Туркменис...
«TÜRKMENSTANDARTLARY» GULLUGY HALKARA AKKREDITASIÝASYNY TASSYKLADY
“Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň Döwlet etalon merkeziniň hünärmenleri bir ýyl mundan ozal berlen № -194 akkreditasyýanyň halkara attestatyny tassyklady. Türkmen laboratoriýasynyň ISO/IEC 17025 halkara ölçegine laýyklygy noýabryň ahyrynda Slowakiýanyň SNAS milli gullugynyň bilermenleriniň geçiren ilkinji inspeksiýasynyň barşynda barlandy. Temperatura parametrleriniň ölçegleriniň ählisiniň takyklygy degişli halkara derejesinde diýlip ykrar edildi. Gözegçiler platina garşylyk termome...
TÜRKMENISTAN — AWSTRIÝA: DOSTLUGYŇ WE SUNGATYŇ SIMFONIÝASY
Şu gün Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň 10 ýyllygy mynasybetli dabara we bu waka bagyşlanyp, “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Medeniýet ministrligi we Awstriýa-türkmen jemgyýeti bilen bilelikde guralan çäräniň Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýändigi bellärliklidir. Munuň özi özygtyýarly Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan wezipeler...
OZON MERKEZI SOWADYJY ENJAMLAR WE SPLIT-ULGAMLARY BOÝUNÇA HÜNÄRMENLER ÜÇIN SEMINAR GURADY
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky Ozon merkeziniň guran seminary sowadyjy enjamlara hyzmat etmegiň döwrebap usullaryna we alternatiw hladagentleri ornaşdyrmaklyga bagyşlandy. Okuw-türgenleşigine sowadyjy enjamlar we howany ýelejiretmek ulgamlary boýunça hünärmenler – döwlet edaralarynyň we şahsy pudagyň, şeýle hem okuw jaýlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Seminaryň dowamynda 2040-njy ýyla çenli ulanylyşy doly bes edilmeli gidrohlorftoru...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝAPON WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň Halkara taslamalar boýunça müdirliginiň başlygy j-p Takasi Ýosiokanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ýyl-ýyldan has-da berkeýändigini belläp geçdiler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşine we strategiki häsiýetine hem ser...
MINISTRLER DEREJESINDÄKI HALKARA MASLAHAT ÖZ IŞINI TAMAMLADY
2018-nji ýylyň 7-nji dekabrynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: hazirki we geljekki ösüşi” atly ministrler derejesindäki halkara maslahatynyň işi dowam etdirildi. Bu mejlisiň dowamynda “Taryhy menzillerden häzirkizaman awtomobil ýollaryna: Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi”, “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky umumy miras we özboluşlylyk” hem-de “Beýik Ýüpek ýolunda söwdanyň üsti bilen medeniýetiň ýaradylmagy” atly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy....