SOŇKY HABARLAR
DAŞOGUZLY ŞALYÇYLAR ÝYLLYK TABŞYRYGY ARTYGY BILEN AMAL ETDILER
Daşoguz welaýatynyň ekarançylary şaly taýýarlamk boýunça ýyllyk tabşyryga abraý bilen hötde geldiler. Şaly ekilen sekiz müň bir ýüz gektar ýerden 35 müň 106 tonnadan agarak şalynyň tagamlylygy bilen tapawutlanýan “Nukus-2”, “Müňbaşy” we “Alenga” görnüşleri ýygnaldy. Bu bolsa bellenilendäkiden artykdyr. Hasylyň aglaba bölegi merjen däneleriň ýokary hasylly we kesellere durnukly ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan görnüşlerini ýetişdirmekde uly tejribe toplanan S. Türkmenbaşy adyndaky etrabyň...
OBASENAGAT TOPLUMY: DÖWLETIMIZ OBA HOJALYKÇYLARA YZYGIDERLI GOLDAW BERÝÄR
Türkmenistanda okgunly ösdürilmegine döwlet tarapyndan ilkinji derejede ähmiýet berilýän oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridir. Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm kararlaryň birnäçesine gol çekip, ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini ykdysady taýdan höweslendirmek üçin döwlet goldawyny bermegiň toplumlaýyn çärelerini kesgitledi. Şeýlelikde, 2019-njy ýyldan başlap, bugdaýyň we pagtanyň täze döwlet satyn alyş bah...
TÜRKMENISTANDA LAPIS LAZULI HALKARA MASLAHATY GEÇIRILER
2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşyga 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Owganystan Yslam Respublikasy, Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy, Gruziýa we Türkiýe Respublikasynyň arasynda gol çekildi. Bu Ylalaşygyň çäklerinde geçirilýän halka...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygyny hem-de uzak möhletleýin esasda bilelikde geçirýän çärelerini mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine 2018-nji ýylyň 6 — 7-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi” atly ministrle...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan toplumlaýyn we uzak möhletleýin, raýatlaryň ömür dowamlylygyna oňyn täsir edýän saglygy goraýyş syýasatyny dünýä döwletlerine giňden ýaýmak hem-de ýokanç däl keselleriň öňüni almaga we olaryň garşysyna göreşmäge gönükdirilen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine hem-de Türkmenistanyň Da...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WIDEOŞEKILLI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, toplumlaýyn we maksatlaýyn milli maksatnamalary amala aşyrmak babatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna seredildi. Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna, ilki bilen,...
ИЗРАИЛЬСКАЯ ПИАНИСТКА ДОРЕЛЬ ГОЛАН ВИРТУОЗНО ИСПОЛНИЛА ОДНО ИЗ ЛУЧШИХ ПРОИЗВЕДЕНИЙ РАХМАНИНОВА
В Туркменском музыкально-драматическом театре им. Махтумкули с успехом прошёл концерт израильской пианистки Дорель Голан, выступившей в сопровождении Государственного симфонического оркестра Туркменистана под руководством Расула Клычева. Организаторами вечера выступили Министерство культуры Туркменистана и Посольство Государства Израиль в нашей стране. Открылся концерт проникновенной музыкой Нуры Халмамедова. Симфонический оркестр Расула Клычева исполнил фрагменты из оперы «Решающий шаг». Ме...