img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Noý

AŞGABATDA CAREC-IŇ 17-NJI MINISTRLER MASLAHATY ÖZ IŞINI DOWAM ETDI

2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) boýunça 17-nji Ministrler maslahaty öz işini dowam etdi. Maslahat öz işini «Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlygygyň söwda babatynda täze goşulyşan gün tertibi 2030 (SBGGTŞ) we CAREC 2030» temasy boýunça tegelek stol görnüşindäki gepleşikleriň çäginde dowam etdi. CAREC-ň agza ýurtlarynyň ministrleri we duşuşygyň beýleki gatnaşyjylary çykyş etmek bilen CAREC 2030, SBGGTŞ 2030 we...

DOWAMY
pic
15 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETINIŇ GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY DOWAM ETDI

2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti öz iş saparynyň çäklerinde Germaniya Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherine geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Germaniýanyň Daşary işler boýunça Federal ministri Haýko Maas bilen duşuşygy boldy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda ýokary derejedäki döwletara gepleşikleriň, Türkmenistan bilen Germaniýany...

DOWAMY
pic
15 Noý

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Russiýanyň “Nowosti” habarlar agentligi, Gyrgyz Respublikasynyň Tokmok şäherinde bolup geçen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşýan döwletleriň serhet goşunlarynyň serkerdebaşylarynyň Geňeşiniň 80-nji mejlisiniň jemlerine salgylanmak bilen, hamana, türkmen-owgan serhetinde ýagdaýyň ýitileşenligi barada ýalan habary ýaýratdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu habaryň hakykata laýyk gelmeýänligini we ony Türkmenistan b...

DOWAMY
pic
15 Noý

TÜRKMENISTANDA SEBITLEÝIN YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNYŇ GELJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC) Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahaty geçirildi. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen maslahata CAREC Maksatnamasyna girýän ýurtlaryň, şeýle hem Aziýanyň Ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, CAREC institutynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň, Halkara pul gaznasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň we beýlekileriň ýokary wezipeli wekilleri gatn...

DOWAMY
pic
15 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ABU-DABIDE “ADIPEС–2018” ATLY NEBITGAZ SERGI–MASLAHATYNA GATNAŞDY

2018–nji ýylyň 12–15-nji noýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde bu ýurduň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň howandarlygynda “ADIPEС–2018” atly 21-nji halkara nebit-gaz sergisi we maslahaty geçirildi. “ADIPEС–2018” – energiýa çeşmeleriniň gelejegini ara alyp maslahatlaşmak we özara tejribeleri alyşmaklyk maksady bilen ýokary derejeli resmi adamlary, nebitgaz senagatynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny we bilermenleri bir ýere jemleýän dünýäni...

DOWAMY
pic
15 Noý

TÜRKMENISTAN-ITALIÝA: ÖZARA PEÝDALY HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Italiýanyň söwda boýunça agentliginiň bilelikde guramagynda türkmen-italýan işewürlik maslahaty boldy.  Iki ýurduň ykdysady taýdan gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ädime öwrülen bu maslahata Italiýanyň iri kompaniýalarynyň wekilleri we ýurdumyzyň dürli pudaklardaky gatnaşyklary işjeň ösdürýän telekeçileri gatnaşdylar.  Italiýanyň wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynda, şol sanda ýangyç-energe...

DOWAMY
pic
15 Noý

TIZ WAGTDAN KIÇI WE ALYSDAKY OBALARYŇ ILATYNA YKJAM ARAGATNAŞYK HEM-DE INTERNET ELÝETERLI BOLAR

Soňky üç ýylda Türkmenistanda internetden peýdalanýanlaryň sany ýarym milliondan gowrak artdy. Satyn alynýan halkara internet-kanallarynyň umumy göwrümi on esse köpeldi, internet tölegleri ortaça 75 göterim arzanlady. Sanlaşdyrmak döwlet maksatnamasynyň çäklerinde degişli düzümleri kemala getirmek we olaryň maddy taýdan üpjünçiligi boýunça uly möçberli taslamalara badalga berildi. Telekommunikasiýalary ösdürmäge we sebitleriň ählisiniň ilatly ýerlerini, ozaly bilen, oba ýerlerini ýokary tizli...

DOWAMY