SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÄHMIÝETINE WE MÜMKINÇILIKLERINE BAGYŞLANAN ÝOKARY DEREJELI ÇÄRELER GEÇIRILER
2018-nji ýylyň 6–7-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Hökümeti UNESKO bilen hyzmatdaşlyk esasynda «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara maslahatyny gurnaýar. Maslahatyň işine ýokary derejeli wekilleriň gelmegine garaşylýar. Maslahatyň işi mejlisler görnüşinde geçirilip, medeniýetara gepleşikleri, parahatçylygy we 2030-njy ýyl üçin BMG-niň gün tertibini ýerine ýetirmek maksady bilen hyzmatdaşlygy berkitmegi, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän halklaryň...
MILLI LIDERIMIZ AHALTEKE ATÇYLYK TOPLUMYNA BARDY
Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde milli Liderimiz ynsan gylykly bedewler bilen didarlaşdy hem-de adaty endigine eýerip, döredijilik bilen meşgul boldy. Türkmenistanyň özboluşly tebigy aýratynlyklary, onuň ajaýyplygy, aýratyn-da, gaýtalanmajak sungat eserine çalymdaş gözelligi döredýän gyş paslynyň ilkinji pursatlary ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Ahalteke bedewleriniň ýanynda bu has-da ýiti duýulýar, olar tebigatyň sazla...
SLOWENIÝANYŇ PREZIDENTI TÜRKMEN LIDERINI IKI ÝURDUŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 25 ÝYLLYGY BILEN GUTLADY
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Sloweniýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlamaga hem-de Size we Siziň dostlukly halkyňyza iň oňat arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Geçen ýyllarda Sloweniýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda özara hormat goýmaga we ikitaraplaýyn gyzyklanma esaslanýan syýasy gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ýokary dere...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AMERIKANYŇ BIRLEŞEN ŞTATLARYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 41-nji Prezidenti Jorj Gerbert Uoker Buşuň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ýollady. Hatda bellenilişi ýaly, Jorj Gerbert Uoker Buş görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolup, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň abadançylygy hem-de onuň halkynyň bagtyýar durmuşy ugrunda örän uly işleri b...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI JORJ UOKER BUŞA GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Jorj Uoker Buşa onuň kakasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 41-nji Prezidenti we görnükli syýasatçy Jorj Gerbert Uoker Buşuň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz bu habary gynanç bilen kabul edip, şu agyr pursatda Jorj Uoker Buşa hem-de onuň ähli maşgala agzalaryna tüýs ýürekden duýgudaşlyk bildirdi we çuňňur gynanjyny beýan etdi.
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň dizel ýangyjyny satyn aldylar. ABŞ-dan, BAE-den we beýlekilerden gelen täjirler karbamidi (“Türkmenhimiýa” Döwlet konserni) , Türk...
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, şeýle hem milli Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet...