SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI MILLI BAÝRAMÇYLYK BILEN GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli baýram –Türkiýe Respublikasynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogana hem-de türk halkyna ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky däbe öwrülen dost-doganlyk gatnaşyklary özara düşünişmegiň we ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar diýip, milli...
TÜRKMENISTANYŇ PÄLWANLARY DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDA 14 MEDAL GAZANDYLAR
Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda nusgawy hem-de erkin görnüşlerde guşakly göreş boýunça dünýä çempionaty ýurdumyzyň ýygyndy topary üçin üstünlige beslendi. Ýaryşlara 38 ýurtdan 200-e golaý türgen gatnaşdy. Türkmen türgenleri 14 medala — dört altyn, alty kümüş we dört bürünç medala mynasyp boldular. 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde ildeşlerimiz Arslan Ybraýymgulyýew we 75 kilograma çenli agram derejesinde Pälwan Gurbangeldiýew erkekleriň arasyn...
AŞGABATDA IRI SPORT ÝARYŞYNYŇ KOMITETLERINIŇ MEJLISLERI GEÇIRILÝÄR
Şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynda 1-nji noýabrda badalga beriljek Agyr atletika boýunça 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň lukmançylyk, tehniki, tälimçiler we ýerine ýetiriji komitetleriniň ilkinji mejlisleri geçirildi. Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) wekilleri hem-de ýaryşyň guramaçylary ähli gulluklaryň we desgalaryň ýaryşy ýokary derejede geçirmäge taýýarlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýaryşlar 2018-nji ýylyň 10-njy noýabryna çenli do...
“TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnaly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşlary açýar. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny satyn aldylar. Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny hem-de “Tür...
«ALTYN ASYR» FUTBOL TOPARY — AFK KUBOGYNYŇ KÜMÜŞ BAÝRAGYNYŇ EÝESI
Aşgabadyň “Altyn asyr” topary türkmen futbolynyň taryhynda ilkinji gezek AFK-nyň Kubogynyň finalynda çykyş edip, täze sahypa açdy. Aziýanyň ikinji derejeli kubogy ugrunda aýgytlaýjy duşuşyk soňky dört ýylda Türkmenistanyň çempiony “Altyn asyr” bilen AFK-nyň Kubogynyň soňky eýesi “Air Force Club” toparynyň arasynda Basra şäherinde geçirildi. Iki topar hem finalda oýnamaga hukuk gazandy. Bu ýolda “Air Force Club” topary, ilki bilen, “Al-Jazira” (Iordaniýa), “Malkiýa” (Bahreýn) we “Al-Suwaik” (...
HOJAMBAZ ETRABYNYŇ PAGTAÇYLARYNYŇ ZÄHMET ÜSTÜNLIGI
Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň pagtaçylary uly zähmet üstünligini gazandylar, olar şu gün Watan harmanyna pagtanyň 21 müň 200 tonnadan gowragyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilendikleri barada habar berdiler. 26-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz oba hojalygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriüns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, oba hojalyk özgertmeleriniň...