img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Okt

TÜRKMEN - AMERIKAN SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hanym Emiliýa Pumanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryna ýokary baha bermek bilen, iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürm...

DOWAMY
pic
25 Okt

AŞGABATDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ ENERGETIKA BOÝUNÇA KIÇI KOMITETINIŇ ALTYNJY MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Energetika boýunça kiçi komitetiniň altynjy mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki ýurduň nebitgaz ulgamyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralarynyň we hususy guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Kiçi komitetiň hytaý tarapynyň başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Energetika boýunça Döwlet müdirliginiň başlygy j-p Li Fanžun boldy. Iki ýurduň wekiliýet ýolbaşçylary türk...

DOWAMY
pic
25 Okt

ÝURDUMYZYŇ SEBITLERINDE TÄZE BINALAR AÇYLDY

Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde nobatdaky täze dört gatly döwrebap ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Üç we dört otaglardan ybarat täze bina Daşoguz şäheriniň Şagadam köçesiniň ugrunda «Sülgün» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan paý esasynda guruldy. Ol bu ýerde gurlan beýleki köp öýli jaýlar bilen birlikde, şäheriň şu etrabynda döredilen ýaşaýyş toplumynyň üstüni ýetirdi.  Täze öýleriň giň otaglary bar. Dört otagly öýüň umumy meýdany 204 inedördül metr, üç...

DOWAMY
pic
25 Okt

TÄZE SENAGAT TOPLUMLARY YGTYBARLY ELEKTRIK ÜPJÜNÇILIGI ULGAMY BILEN ÜPJÜN EDILDI

Türkmen energetikleri Owadandepede gurulýan tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda uzynlygy 16 kilometr bolan WL-220 кW kuwwatlykly elektrik geçirijisiniň gurluşygyny alyp barýarlar.  Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde ulanylmaga berlen polietilen we polipropilen öndürýän gaz himiýasy toplumy-da ygtybarly elektrik üpjünçiligi bilen üpjün edilen. Energetika ministrliginiň “Türkmenenergogurluşyk” konserniniň bölümleri “Türkmengaz” DK-nyň tabşyrygy boýunça gysga wagtda kärhananyň golaýynda ku...

DOWAMY
pic
25 Okt

DAŞOGUZYŇ PAGTA EGRIJI FABRIKLERI ÖNÜMIŇ EKSPORTYNY ARTDYRÝARLAR

Daşoguzyň Italiýanyň «Marzoli», «Savio», «Loptex» kompaniýalarynyň ýörüteleşdirilen enjamlary bilen enjamlaşdyrylan pagta egriji fabriginde ýylyň başyndan bäri 35,7 million manatlyk önüm öndürildi. Ýokary hilli Ring ýüplüginiň aglaba bölegi Beýik Britaniýa, Türkiýä, Russiýa, Hindistana we Birleşen Arap Emirliklerine ugradylýar.  Daşoguzyň pagta egriji fabrigi ýylda 16,6 müň tonna pagta ýüplügini gaýtadan işläp, 14,5 müň tonna dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýüplük öndürmäge niýetlenendir. Has...

DOWAMY
pic
25 Okt

DOKMA SENAGATYNYŇ KÄRHANALARY AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNA LYBASLARYŇ 1300-E GOLAÝY TOPLUMYNY TAÝÝARLADYLAR

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary Aşgabatda geçiriljek agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak türgenler we ýaryşyň myhmanlary üçin ýedi müňe golaý lybas we esbap taýýarladylar. Dünýä birinjiligine gatnaşýanlaryň lybaslar toplumy alty eşikden –agyr atletika boýunça ýurduň ýygyndy toparynyň eşiginden, meýletinleriň, ýaryşyň guramaçylarynyň, lukmançylyk işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinň, tehniki işgärleriň eşiklerinden ybaratdyr. D...

DOWAMY
pic
24 Okt

PEKINDE GEÇIRILEN METBUGAT MASLAHATYNDA TÜRKMENISTANYŇ IÇERI WE DAŞARY SYÝASATYNYŇ ESASY UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

23-nji oktýabrda ýurdumyzyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynda Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň jemlerine we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň münberinden beýan eden Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryna bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi.  Duşuşyga Pekinde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň, HHR-yň ylmy, jemgyýetçilik we işewürler toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar...

DOWAMY