SOŇKY HABARLAR
BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda ynsanperwer meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny” atly halkara ylmy maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokar...
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylygyna mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Serdar Berdimuh...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Myhman wagt tapyp duşuşandygy üçin Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belent merte...
Parahatçylygyň we ynsanperwerligiň taglymlaryny durmuşa geçirmegiň bähbidine amala aşyrylýan gulluk
2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary, işgärleri we weteranlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdu...
Aşgabat şäherinde Türkmenistan bilen BMG-niň adam hukuklary we ynsanperwer hukugy babatynda hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi
2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklaryny goramak we Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda halkara ynsanperwer hukugyny berjaý etmek ugrundaky işleri barada brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň wekilleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaş...
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
2025-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine degişli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Jogapkär secretary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisi açmak bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow ýurduň ýolbaşçylygynyň Türkmenistanyň ÝU...
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi
2025-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle hem beýleki pudak edaralaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa inst...