SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
2025-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çägindäki hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meselelere garadylar. Ministrler ikitaraplaýyn saparlaryň we geňeşmeleriň üsti bilen iki ýurduň daş...
Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Mongoliýanyň Daşary işler ministri hanym Batseseg Batmunhiýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, iň ýokary döwlet derejesinde saparlary taýýarlamaga we geçirmäge aýratyn üns berildi. Daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary iki ýurduň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çägin...
Saud Arabystanynyň Türkmenistandaky Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
2025-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri R.Meredow Aşgabatda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Said bin Osman Ahmed Suweýd bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen-saud gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin Ilçä hoşallyk bildirdi. Syýasy, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýun...
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tährana amala aşyran saparynyň çäginde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimu...
Türkmenistan bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň meselelerine garaldy
2025-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen YHG-nyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary kesgitlenildi. Bu ýerde geçen ýyllaryň dowamynda t...
Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2025-nji ýylyň 12-nji fewralynda Tähranda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, eýran tarapyna bolsa Eýranyň Daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi....
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tährana sapary başlandy
2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tährana iş sapary bilen geldi. Şol gün türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministriniň orunbasary, Ulag senagaty we ösüş kompaniýasynyň ýolbaşçysy Huşang Bazwand bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň oňyn tejribe...