RSS

SOŇKY HABARLAR

25 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy, şeýle-de käbir möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol täze taryhy eýýamyň özgertmelerini hukuk taýdan kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze Kanunlar metbugatda çap edilýär we...

DOWAMY
24 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki wagtda welaýatyň ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsüml...

DOWAMY
24 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN TELEFON ARKALY GEPLEŞIGI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Jin bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşlikde ministrler ikitaraplaýyn gün tertibinde ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem iki döwletiň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçiriljek duşuşyklar barada pikir alyşdylar. Taraplar şu ýylyň oktýabr aýynda Busan şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa - Koreýa Respub...

DOWAMY
24 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY SEULDA ÖZ KÄRDEŞI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Koreýa Respublikasynyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Rýu Jeon-Hýun bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň, şol sanda iki ýurduň dürli ugurlar boýunça, hususan-da parlamentara gatnaşyklarynyň, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy bilen bagly meselel...

DOWAMY
24 Noý

AŞGABATDA TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ MEDENIÝET GÜNLERI BAŞLANDY

2022-nji ýylyň 23-nji noýabrynda türkmen paýtagtynda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Täjigistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýere agşamara iki ýurduň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşlary ýygnandylar. Iki döwletiň m...

DOWAMY
24 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY “AWAZA” MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Milli Geňeşiň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek, sebitiň üstaşyr ulag mümk...

DOWAMY
23 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagymyz Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalaryny, mejlise gatnaşyjylary mübärekläp, şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisine ýygnandyk diýip nygtady. Şu günki mejlise Halk Maslahatynyň 56 agzasyndan 54-si gatnaşýar diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de Türkmenistan...

DOWAMY