RSS

SOŇKY HABARLAR

24 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY SEULDA ÖZ KÄRDEŞI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Koreýa Respublikasynyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Rýu Jeon-Hýun bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň, şol sanda iki ýurduň dürli ugurlar boýunça, hususan-da parlamentara gatnaşyklarynyň, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy bilen bagly meselel...

DOWAMY
24 Noý

AŞGABATDA TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ MEDENIÝET GÜNLERI BAŞLANDY

2022-nji ýylyň 23-nji noýabrynda türkmen paýtagtynda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Täjigistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýere agşamara iki ýurduň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşlary ýygnandylar. Iki döwletiň m...

DOWAMY
24 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY “AWAZA” MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Milli Geňeşiň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek, sebitiň üstaşyr ulag mümk...

DOWAMY
23 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagymyz Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalaryny, mejlise gatnaşyjylary mübärekläp, şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisine ýygnandyk diýip nygtady. Şu günki mejlise Halk Maslahatynyň 56 agzasyndan 54-si gatnaşýar diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de Türkmenistan...

DOWAMY
23 Noý

NEŞE SERIŞDELERINIŇ BIKANUN DOLANYŞYGYNA GARŞY GÖREŞ MESELELERI AŞGABATDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLÝAR

Neşe serişdeleri boýunça komissiýanyň Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlarynda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy hem-de oňa degişli meseleler boýunça kömekçi toparyň 55-nji mejlisi Aşgabadyň “Yyldyz” myhmanhanasynda geçirilýär. Çäräni Türkmenistanyň Hökümeti Birleşen Milletler Guramasynyň Neşelere we jenaýata garşy göreş müdirligi (UNODC) bilen bilelikde gurady. Oňa Gazagystan, Gyrgyzystan, Hindistan, Iordaniýa, Fransiýa, Awstriýa ýaly 11 ýurtdan delegatlar, şeýle hem birnäçe halkara guramalar...

DOWAMY
23 Noý

AŞGABATDA ÝAŞYL WE WODOROD ENERGETIKASY HEM-DE METANYŇ ZYŇYNDYLARY UGURLARY BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ WE ÝB-NIŇ BILELIKDÄKI MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 22-23-nji noýabrynda Aşgabatda “Ýaşyl energetika we ÝB-niň wodorodyň ulanylmagy we metanyň zyňyndylarynyň azaldylmagy boýunça strategiýasy” temasy bilen Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Gibrid görnüşinde maslahaty Türkmenistanyň energetika ministri we ÝB-niň Türkmenistandaky Ilçisi Diego Ruiz Alonso açdylar. Kadri Simson, Ýewropa Komissiýasynyň energetika boýunça komissarynyň we Klara de la Torre, Ýewropa Komissiýasynyň howanyň üýtgeme...

DOWAMY
23 Noý

TÜRKMENISTANDA ILATYŇ WE ÝAŞAÝYŞ JAÝ GORUNYŇ UÇDANTUTMA ÝAZUWYNA TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17 — 27-nji dekabry aralygynda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçiriler. Häzirki wagtda “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek” şygary astynda geçjek bu möhüm çärä taýýarlyk işleri dowam edýär. Türkmen halkynyň öz däp-dessurlaryna, baý taryhy-medeni mirasyna ygrarlydygyny alamatlandyrýan ak öý bu çäräniň nyşany boldy. Ýurdumyzyň ilatynyň sany, demografik düzümi hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleri baradaky doly maglumaty...

DOWAMY