SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň wekiliýeti Malta Respublikasynda geçirilen ÝHHG-nyň Ministrler geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 5-6-njy dekabrynda Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Malta Respublikasynyň Walletta şäherinde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 31-nji mejlisine gatnaşdy. Bu möhüm çäre her ýylda ÝHHG-a agza bolan 57 sany ýurdyň wekillerini jemleýär we şu ýyl duşuşyga 30-dan gowrak döwletiň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri we ýolbaşçylary gatnaşdylar. Iki günüň dow...
Türkmenistanda Oman Soltanlygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Saif bin Raşid bin Saif Al-Jahwariden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barjak işin...
Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly täze eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň DIM-iň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryn...
Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary A.Gurbanow bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Usmanowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Diplomatlar iň ýokary we ýokary derejelerdäki yzygiderli duşuş...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy. Hajy Arkadagymyz gadymdan gelýän däp-dessurlara eýerip, saparyny Mekge şäherine baryp, mukaddes Käbä zyýarat etmekde...
Mejlisiň Başlygy Gresiýanyň Türkmenistandaky Ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Ýekaterini Ksagorariden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty täze jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça asylly işind...
Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri gepleşikleri geçirdiler
2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň Ilçisi Federiko Faillanyň ýolbaşçylygyndaky Italiýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Gün tertibine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Italiýanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň torlaryny döretmek boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasyny ara alnyp maslahatlaşmak girizildi. Bu resminamanyň işlenip düzülmegi bilen bagly mesele daşary syýasat edarala...