SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola kakasy Ýun Gi Çžunyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Koreýa Respublikasynyň Prezidentine we onuň maşgala agzalaryna ýürekden duýgudaşlygyny bildirdi hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi (turkmenistan.gov.tm)
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Mahaçkala şäherindäki awtomobillere ýangyç guýujy beketde bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Halk Maslahatynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan ýürekden...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola kakasy Ýun Gi Çžunyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu agyr pursatda Koreýa Respublikasynyň Prezidentine we maşgala agzalaryna ýürekden duýgudaşlygyny bildirdi we medet beriji sözlerini beýan etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň P...
TÜRKMENISTANYŇ TÜRKIÝEDAKY BAŞ KONSULY BELLENILDI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Muhammetnur Muhammetberdiýewiç Öwezow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau şäheri) konsuly wezipesinden boşadyldy. * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Muhammetnur Muhammetberdiýewiç Öwezow Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul şäheri) Baş konsuly wezipesine bellenildi. Türkmenistanyň Türkiýedaky Baş konsuly bellenildi (turkmenistan.gov.tm)
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI KAMBOJANYŇ PATYŞASYNA YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 14-nji awgustynda “Kambojanyň Patyşasynyň köşgünde” Ilçi M.Maşalow Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) Kambojanyň Patyşasy Preah Bat Samdek Preah Boromneath Norodom Siamonä ynanç hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde Ilçi Kambojanyň Patyşasy Norodom Siamonä we Kambojanyñ dostlukly halkyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkyn...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ÝÖRITE WEKILI, BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 14-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen Kaha Imnadzeni kabul etdi. Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de kabul edilendigi üçin hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň iberen mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwl...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. «Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de bu gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi. Hormat...