RSS

SOŇKY HABARLAR

12 Noý

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKI DÜNÝÄSINIŇ ÝOKARY ORDENI» BILEN SYLAGLANMAGY

Sammitiň işi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany «Türki dünýäsiniň ýokary ordeni» bilen sylaglamak, şeýle hem gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowy Türki döwletleriň guramasynyň «Türki dünýäsiniň jebisligi üçin» Alişer Nowaýy adyndaky halkara baýragyny gowşurmak dabarasy boldy. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary tasynda Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeş...

DOWAMY
11 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri hukuk taýdan goldamak, milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de...

DOWAMY
11 Noý

DÖWLET EMLÄGINI YNANÇLY DOLANDYRMAGA BERMEGIŇ TERTIBI TASSYKLANYLDY

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlary çekmek maksady bilen, şeýle-de “Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň Tertibi tassyklanyldy. Döwlet emlägini ynançly dolan...

DOWAMY
11 Noý

YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-TÄJIK HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ 11-NJI MEJLISI AŞGABATDA GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 9-10-njy noýabrynda Aşgabatda söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki Türkmen-Täjik hökümetara toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi. Toparyň türkmen bölegine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, Täjigistan bölegine Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri Daler Juma ýolbaşçylyk etdiler. Taraplar 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana we Täjigistanyň baştutanynyň 2021-nji ýylyň...

DOWAMY
10 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI POLŞA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda Polşa Respublikasynyň Milli garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Anjeý Duda tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, Polşanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady (turkmenistan.gov.tm)

DOWAMY
10 Noý

TÜRKMENISTANDA “TÜRKMENTEL — 2022” HALKARA SERGISI WE YLMY MASLAHAT GEÇIRILÝÄR

Şu gün paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2022” atly XV halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan çäre diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, sanly ulgam arkaly Aşgabatdan dünýäniň onlarça ýurdunda hem görkezilýär. Ýöriteleşdirilen forum Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watany...

DOWAMY
10 Noý

TÜRKMENISTAN WE TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARY DEREJESINDE SYÝASY GEŇEŞMELER

2022-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Aşgabatda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleri arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, Täjigistan Respublikasynyň wekiliýetine bolsa Daşary işler ministriniň orunbasary Sadyk Imom ýolbaşçylyk etdi. Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň arasynda syýasy we diplomatik gepleşikleriň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy, ýokary derejede yzygiderli aragatnaşyklaryň ähm...

DOWAMY