RSS

SOŇKY HABARLAR

19 Iýul

TÜRKMEN KOMPANIÝASY ÖNDÜRÝÄN ARASSAÇYLYK SERIŞDELERINIŇ TÄZE GÖRNÜŞLERINI ARTDYRÝAR

Aşgabat şäherinde ýerleşýän, “Guba-gara” hususy kärhanasy birnäçe ýyldan bäri arassaçylyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini öndürýär. Golaýda bolsa bu hususy kärhanada şampunyň hem-de kir ýumşadyjy serişdeleriň täze görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Öndürilýän şampunlaryň kakos, aloe ysly görnüşleri bolup, olar 450 gramlyk gutulara, kir ýumşadyjy serişdeler hem özboluşly lawanda, bägül ysly görnüşleri bilen tapawutlanyp, 1 litrlik gutulara gaplanylýar. Bulardan başga-da, köpugurly önümçi...

DOWAMY
19 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ TARYHY-MEDENI MIRASY DÜNÝÄDE GIŇDEN WAGYZ EDILÝÄR

Ministrler Kabinetiniň 8-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň medeni mirasyny dünýäde giňden wagyz etmegiň we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Ýurdumyzyň we fransuz hünärmenleriniň Fransiýanyň Luwr muzeýinde Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisini guramak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanyp geçirilen wideoduşuşygy bu ugurdaky wezipeleri çözmegiň ýolundaky nobat...

DOWAMY
19 Iýul

TÜRKMENISTANDA ÜSTAŞYR ULAG HYZMATDAŞLYGYNY DIWERSIFIKASIÝALAŞDYRMAGA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHAT GURNALDY

2022-nji ýylyň 18-nji iýulynda Aşgabatda Ýewraziýada üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly iki günlük halkara maslahat öz işine başlady.  Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran wekilçilikli forumyna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, halkara guramalaryň we maliýe edara...

DOWAMY
18 Iýul

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, uçar we yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz owganystanly işewürleriň geleşikleriniň esasyny düzdi. Mundan başga-da, daşary...

DOWAMY
16 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY TAMAMLANDY

15-nji iýulda irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatyna tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa mähirli garşylady. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soň, hormatly Prezidentimiziň özbek parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berd...

DOWAMY
15 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ SYÝASY WE PARAHATÇYLYK GURLUŞYK MESELELERI BOÝUNÇA DEPARTAMENTINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň BMG-niň Syýasy we parahatçylyk gurluşyk meseleleri boýunça departamentiniň wekili Swetlana Galkina bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça gatnaşyklaryna ýokary baha berdiler. Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýene bir doly özleşdirilmedik ugurlaryň biri...

DOWAMY
15 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY

2022-nji ýylyň 14-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Hormatly Prezidentimiziň uçary Daşkent şäheriniň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menziline gondy. Uçaryň öňünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow hem-de beýleki resmi adamlar, Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Soňra döwlet Baştutanymyzyň awt...

DOWAMY