SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ERMENISTANDAKY MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY
2023-nji ýylyň 31-nji maýy 3-nji iýuny aralygynda Ýerewanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky medeniýet we sungat işgärlerinden, alymlardan, habarçylardan we talyp ýaşlardan düzülen türkmen wekiliýeti Ermenistana geldi. Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Ermenistanyň Aram Haçaturýan konsertler zalynda geçirildi. Bu çärä Ermenistanyň döwlet edralarynyň ýolbaşçylary, ylmy toparlaryň...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY TAMAMLANDY
Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň “Mapna Group” senagat toplumyna baryp gördi. Türkmen halkynyň Milli Lideri onlarça kompaniýany özünde jemleýän toplumyň işi bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşmalardan soňra, energetika desgalarynyň taslamalaryny düzmek we olary gurmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, nebitgaz, demir ýol hem-de beýleki senagat taslamalaryny işläp taýýarla...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WENGRIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana şanly 60 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Biz Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara ýokary üns berýäris. Ýakyn günlerde Aşgabatda geçirjek gepleşiklerimiziň netijeli boljakdygyna we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belled...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMENISTAN BILEN ÝHHG-NIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ESASY UGURLARYNA SEREDILDI
2023-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda syýasy we ykdysady ugurlarda, energetika we ekologiýa howpsuzlygy, parlament diplomatiýasyny ösdürmek we ynsanperwerlik meselelerinde Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşiniň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy, Türkmenistanyň ha...
ŞERTNAMALAÝYN-HUKUK BINÝADY TÜKELLEMEK MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-RUMYN GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2023-njy ýylyň 31-nji maýynda Buharest şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edaralaryň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny tükellemek we kämilleşdirmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hereket edýän we güýjüni ýitiren döwletara, hökümetara we pudagara şertnamalaryň we beýleki resminamalaryň, şeýle hem işlenilýän taslamalaryň sanawyny ara alyp maslahatlaşdylar. Geňeşmeler türkmen-rumyn gatnaşyklary...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY EÝRANYŇ PARLAMENTINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
30-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň EYR-na iş saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen duşuşygy boldy. Bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň maksady hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýun aýynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň barşynda gazanylan ähli ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň kanunçylyk esasynda berkidilmeg...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ SYÝASY MAKSADALAÝYKLYK GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
30-njy maýda Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow Tährana iş saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy Sadek Amoli Larijani bilen duşuşdy. EYR-nyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň ýolbaşçysy türkmen halkynyň durmuş-ykdysady ösüşde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda gazanan we häzirki günde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gazanmagyny dowam etdirýän üstünliklerine Eýranda tüýs ýürekden guwanýandyklaryny nygtady....