SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyg...
Türkmen halkynyň Milli Lideri Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen gepleşikler geçirdi
2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Türkmen halkynyň M...
Gahryman Arkadagymyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Han bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň möhüm ähmiýetini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Ykdysady Hyzmat...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktory bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktory Salim Al Malik bilen duşuşdy. Salim Al Malik türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşal...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen ÝHHG-niň Baş sekretary Feridun Sinirlioglu bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Aşgabatda geçiriljek Halkara forumynyň parahatçylyk, ynanyşmak we durnukly ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýokary derejeli meýdança hökmündäki ähmiýet...
Slowakiýa Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň syýasy bölüminiň we protokolynyň başlygy bilen gepleşikler geçirildi
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Slowakiýa Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň syýasy bölüminiň we protokolynyň başlygy Peter Wilçak bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanda hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň ähmiýetini belläp, ýurduň bitaraplyk syýasatynyň sebitde we onuň çäklerinden daşarda parahatçylygy üpjün etmekde, özara düşü...
Türkmenistanyň Prezidentiniň San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karlos Manuel Wila Nowa bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz Prezident Karlos Manuel Wila Nowany mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýy...