SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri gepleşikleri geçirdiler
2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň Ilçisi Federiko Faillanyň ýolbaşçylygyndaky Italiýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Gün tertibine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Italiýanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň torlaryny döretmek boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasyny ara alnyp maslahatlaşmak girizildi. Bu resminamanyň işlenip düzülmegi bilen bagly mesele daşary syýasat edarala...
Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 28-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ýokarky derejede ozalky geçirilen çäreleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüz...
Türkmen wekiliýetiniň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Ministrler Geňeşiniň 28-nji mejlisine gatnaşmagy hakynda
2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň (YHG DIMG) 28-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlise YHG-e agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň, sebit guramalarynyň, şeýle hem YHG-nyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, sebit institutlarynyň we düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuş...
Özbegistanyň täze Ilçisi Türkmenistanyň DIM-niň baştutanyna ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi. Söhbetdeşl...
Ermenistan Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ermenistan Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Arsen Awagýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ermenistanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Soňra taraplar Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Gatnaşyklary mun...
Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa - Hytaý” formatyndaky ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde (HHR) geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar gatnaşyjy ýurtlaryň umumy bähbitleri üçin konstruktiw hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek nukdaýnazaryndan “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynda hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny belled...
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde “Merkezi Aziýa - Hytaý” görnüşindäki Daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanan döwletara dialogyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Ikitara...