RSS

SOŇKY HABARLAR

1 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ITALIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNY GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella, Premýer-ministri Mario Dragä we ýurduň dostlukly halkyna Italiýanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklaryny...

DOWAMY
1 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ EÝRANDAKY BAŞ KONSULLYGY KÖPÇÜLIKLEÝIN WELOSIPED ÝÖRIŞINI GURADY

2022-nji ýylyň 30-njy maýynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Eýrandaky Baş konsullygy Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherindäki Gadir seýilgähinde köpçülikleýin welosiped ýörişini «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda gurady. Bütindünýä welosiped güni Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda döredildi we her ýylyň 3-nji iýunynda dünýäde giňden bellenilip geçilýär. Türkmenistanyň Eýrandaky Baş konsullygy köpçülikleýin we...

DOWAMY
31 Maý

ALMATYDA MERKEZI AZIÝANYŇ WE ÝB-NIŇ ÝÖRITE WEKILLERINIŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA NOBATDAKY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 31-nji maýynda Almaty şäherinde Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň Owganystan boýunça nobatdaky duşuşygy geçirildi. Çäräniň barşynda owgan meselesiniň parahatçylykly ýol bilen çözülmegi, sebitiň integrasion ösüşine Owganystanyň işjeň gatnaşdyrylmagy, ýurduň ykdysady taýdan dikeldilmegi we onuň çäklerinde dürli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça halkara we sebit tagallalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Öz çykyşynda Türkmenistany...

DOWAMY
31 Maý

TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ ŽENEWADAKY EDARASYNYŇ ÝANYNDAKY HEMIŞELIK WEKILINIŇ BÜTINDÜNÝÄ INTELLEKTUAL EÝEÇILIK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Atageldi Haljanowyň Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (BIEG) Baş sekretary Daren Tang bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ugurlary we mümkinçilikleri babatynda pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Intell...

DOWAMY
31 Maý

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW PAÝTAGTYMYZDAKY DÖWLETLILER KÖŞGÜNE BARYP GÖRDI

Däp bolşy ýaly, 1-nji iýunda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyny tassyklap, öz ýaşajyk raýatlary üçin amatly durmuş şertlerini üpjün etmekde ýokary jogapkärçiligini iş ýüzünde dünýä äşgär edýär. Şu gün — bu ajaýyp senäniň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwletliler köşgüne bardy we şol ýerde baýramçylyk çäresine gatnaşdy. Çagalar,...

DOWAMY
30 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, öňde boljak şanly senelere ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi....

DOWAMY
30 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HORWATIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Zoran Milanowiçe we ýurduň ähli halkyna Horwatiýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Zoran Milanowiçe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Horwatiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Hor...

DOWAMY