RSS

SOŇKY HABARLAR

28 Maý

TÜRKMENISTAN KONKILI TAÝÝANLARYŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ DOLY DEREJELI AGZALYGYNA KABUL EDILDI

Türkmenistanyň sportuň gyşky görnüşleri Milli merkeziniň figuralaýyn taýmak bölümi konkili taýýanlaryň Halkara birleşiginiň (ISU) doly derejeli agzalygyna kabul edildi. Degişli çözgüt ISU-nyň Geňeşiniň Ženewada (Şweýsariýa) geçen mejlisinde kabul edildi. 2019-njy ýyldan bäri Türkmenistan konkili taýýanlaryň Halkara birleşiginiň assosirlenen agzasydy, bu oňa ISU-nyň her ýyl geçirilýän ýygnaklarynda ses bermek hukugyny bermeýärdi. Bu gurama doly derejeli agzalyga kabul edilmegi bilen Türkmenist...

DOWAMY
28 Maý

TÜRKMENISTAN WE TATARYSTAN RESPUBLIKASY GÄMI GURLUŞYGY PUDAGYNDA HYZMATDAŞLYGY PUGTALANDYRÝAR

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndaky Baş konsuly (Kazan ş.) A. Baýramow «Ak Bars» gämi gurluşyk korporasiýasy» paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory R. Mistahow bilen duşuşdy. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kazanda Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirende beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge gönükdirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan...

DOWAMY
28 Maý

FEDERAL GÜMRÜK GULLUGY (RUSSIÝA FEDERASIÝASY) DEŇIZ PORTLARYNDA ULANYLÝAN SANLY ULGAMY BOÝUNÇA IŞ DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) wekilleri bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň maksady Russiýada deňiz portlaryndaky gümrük nokatlarynda ornaşdyrylan Deňiz portalynyň işi bilen tanyşdyrmak. Duşuşyga Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynyň wekilleri, Balkan welaýat gümrükhanasynyň Halkara deňiz portunyň gözegçilik-geçiriş nokadyndaky "Türkmenbaşy" gümrük nokadynyň müdiri,...

DOWAMY
28 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Şu ýyllaryň dowamynda Azerbaýjan Respublikasy syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we halkara giňişlikde ýurduň abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy” diýlip, hatda bellenilýär. Döwlet Baştutanymyz...

DOWAMY
27 Maý

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI BMG-NIŇ SENAGAT ÖSÜŞI BOÝUNÇA GURAMASYNYŇ TÄZE BELLENEN BAŞ DIREKTORY BILEN DUŞUŞDY

2022-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky Edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili BMG-niň Senagat ösüşi boýunça Guramasynyň (UNIDO) täze bellenen Baş direktory Gerd Müller bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda bu Gurama bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meselelere, hususan-da häzirki wagtda durmuşa geçirilýän we ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan täze taslamalara, wodorod energiýasy ugrunda bilelikdäki çärelere üns berildi. Gerd M...

DOWAMY
27 Maý

HORMATLY PREZIDENTIMIZ DAŞOGUZDA TÄZE HASSAHANALARYŇ AÇYLYŞ DABARALARYNA GATNAŞDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna dowam edýän toý saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde bina edilen lukmançylyk desgalarynyň ikisiniň — köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky alada “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar esasynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Täze taryhy eý...

DOWAMY
27 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ENERGETIKA INSTITUTYNDA HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň maý aýynyň 27-sine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Mary welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda «Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisi: bähbitleriň utgaşýan ýeri we sebitdäki döwletlere berjek ähmiýeti» atly halkara maslahat geçirildi. Halkara maslahata Owganystan Yslam Respublikasynyň, Päkistan Yslam Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň we Eý...

DOWAMY