RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de iri halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde dostlukly, oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary...

DOWAMY
pic
6 Sen

AŞGABATDA “GARAŞSYZ TÜRKMENISTAN HALKARA HABARLAR GIŇIŞLIGINDE” ATLY HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde” atly halkara maslahat geçirildi. Halkara mediaforumyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergidäki gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçirilen maslahatyň maksady Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary iç...

DOWAMY
pic
6 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ BEÝANATY

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Russiýanyň diplomatik wekilhanasynyň işgärleriniň we Owganystanyň raýatlarynyň ölümine sebäp bolan Russiýa Federasiýasynyň Kabuldaky Ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň golaýynda 2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda edilen terrorçylykly hereketi berk ýazgarýar. Türkmenistan, terrorçylyga garşy halkara göreşe işjeň gatnaşyjy hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň terrorçylyga garşy göreşmek ugrundaky tagallalaryny has-da berkitmäge çagyrýar. Türkmenistanyň Daşar...

DOWAMY
pic
5 Sen

TÜRKMEN KARATEÇILERI GERMANIÝADA GEÇEN HALKARA ÝARYŞYNDA 16 MEDAL GAZANDYLAR

Türkmen türgenleri Berlinde (Germaniýa) tamamlanan “Banzai Cup-2022” halkara karate-do ýaryşynda 5 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç bolmak bilen, 16 medal gazandylar. Bäsleşige 31 ýurtdan 1211 türgen gatnaşdy, olar iki günüň dowamynda kata (maşk görkezme – görünmeýän garşydaş bilen söweş) we kumite (söweşde türgenleşme) ugurlary boýunça 89 baýrak ugrunda bäsleşdiler. Kata ugry boýunça uly baýraklary Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňňur öwredilýän 1-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 5-...

DOWAMY
pic
5 Sen

TALYP ILDEŞIMIZ KARATEDO BOÝUNÇA HALKARA ÝARYŞYNDA ÝEŇIJI BOLDY

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Dawut Nazmyradow Germaniýanyň Berlin şäherinde karatedo boýunça 17-nji gezek geçirilen «Banzai Cup» atly halkara ýaryşynda altyn medal gazandy. Dawut Türkmenistanyň milli karatedo toparynyň düzüminde 3 – 4-nji sentýabr aralygynda Berlinde geçen “Banzai Cup” halkara ýaryşyna gatnaşdy. Ýaryşa 31 döwletden 1200-den gowrak türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň türgeni altyn medaly 75 kilograma çenl...

DOWAMY
pic
5 Sen

TÜRKMENISTANDAN PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNA YNSANPERWER KÖMEGI GELDI

5-nji sentýabrda irden ynsanperwer ýük bilen «Ил-76» kysymly ýük daşaýan türkmen uçary Pakistan Yslam Respublikasynyň Sind welaýatynyň Karaçi şäheriniň howa menziline gondy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Pakistan Yslam Respublikasynda soňky wagtlarda bolýan köpsanly adam pidalaryna we uly möçberli weýrançylyklara getirýän tebigy betbagtçylyklar bilen baglylykda dostlukly pakistan halkyna ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, degişli derman we lukm...

DOWAMY
pic
5 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki döwletleriň guramasynyň Baş Sekretary Bagdad Amreýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen bu Guramanyň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, hususan-da howpsuzlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda Türkmenistanyň Türki döwletleriň guramasynyň ýanyndaky halkara düzümleriň...

DOWAMY