SOŇKY HABARLAR
DZÝUDOÇY ILDEŞLERIMIZ AWSTRIÝADA GEÇIRILEN ÝEWROPANYŇ AÇYK ÇEMPIONATYNDA ALTYN MEDALLARYŇ IKISINI EÝELEDILER
Türkmen dzýudoçylary Awstriýanyň Oberwart şäherinde geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda altyn medallaryň ikisini eýelediler. Iki günläp dowam eden ýaryşa 37 ýurtdan 283 türgen (184 erkek we 99 zenan) ─ erkekler 7 hem-de zenanlar 7 agram derejesinde medallaryň 14 toplumy ugrunda bäsleşdiler. Türkmenistanly türgenler hem edil meýdança eýeleri ýaly iň köp adamly (28 dzýudoçy –16 erkek we 12 zenan) topar boldy. Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan ilkinji altyn medaly Hakberdi Jumaýew gaza...
ÝURDUMYZYŇ TELEKEÇI ZENANLARY ÜÇIN TÜRKMENISTANYŇ BSG-Ä GOŞULMAGYNYŇ GELJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Aşgabatda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagynyň netijelerine bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Çärä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudakalýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary,şeýle hem KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Beýleki aýry-aýry ýurtlaryň mysalynda Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagyň we kabul edilmeginiň düzgünleri bilen tanşan çärä gatnaşanlar bu ugurdan bar bolan ylalaşyklara garadylar. BSG-niň Buenos-A...
ÝURDUMYZDA PAGTA ÝYGYMY BAŞLANAR
Türkmen agrosenagat toplumynyň esasy oba hojalyk ekini bolan pagtanyň ýygymy başlanar. Bu möhüm möwsümiň başlanjak senesini Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 7-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 14-nji sentýabrda pagta ýygymyny başlamaga ak pata berdi. Hormatly Prezidentimiz hormatly ýaşululardan ýygymy “Bismilla” bilen başlap...
ZEHINLI ÇAGALARYŇ DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY
Şu gün Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti boldy. Ýurdumyzyň körpe aýdymçylarynyň arasynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bäsleşikler Watanymyzyň baş baýramyna bagyşlanan esasy baýramçylyk çäreler toplumyny açýar. Bu gözden geçiriliş köp ýyllaryň dowamynda jemgyýetçiligiň uly gyzyklanm...
TÜRKMENISTAN SPORT PUDAGYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELDER
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçen mejlisinde ýurdumyzyň sport pudagynda halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltýäňdigi barada habar berildi. Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R. Meredow ÝUNESKO we onuň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti (BSHK) bilen däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça teklip hödürledi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2017 — 2021-nji ýyllaryň dowamynda bu komitetiň agzasy bolmak bilen, onuň işine işjeň gatn...
«KÖPETDAG» TOPARY ÝEŇIŞ GAZANDY
?Merw» topary bilen Aşgabadyň «Köpetdag» toparynyň arasynda Maryda geçen oýun bilen ýokary liganyň toparynyň arasynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji tapgyry başlandy. Bu iki topar şu çempionatyň çäginde eýýäm duşuşypdy. Aşgabatda geçen birinji tapgyryň duşuşygynda üstünlik «Merwe» hemra boldy – 1:0. Jogap oýny 5-nji minutda hasaby açan «Köpetdag» toparynyň görnetin artykmaçlygy bilen geçdi. Ýagşysähet Döwletgeldiýew öz jerime meýdançasynda oýnuň düzgünini bozdy we emin Jumamyra...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmen halkynyň ynsanperwerlik hem-de goňşyçylyk däplerine esaslanyp, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Pakistan Yslam Respublikasynda bolup geçýän tebigy betbagtçylyklaryň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we uly möçberli weýrançylyklara getirendigini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Senagatçylar we tele...