SOŇKY HABARLAR
ÝURDUMYZDA BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI BELLENILDI
Şu gün Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Şu mynasybetli ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2022-2023-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy. Asylly däbe görä, güýz paslynyň ilkinji güni Aşgabadyň mekdep okuwçylary we talyplary üçin Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabarasy bilen başlandy....
TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ GÜMRÜK HYZMATDAŞLYGY PUGTALANDYRYLÝAR
2022-nji ýylyň 31-nji awgustynda Artyk-Lotfabad gümrük gözegçilik-geçiriş ýerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýew bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň başlygy Alireza Mogadasiniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gulluhynyň resmi web-saýty habar berýär. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň gümrük gulluklarynyň wekiliýetleri türkmen-eýran döwlet serhedindäki «Artyk» we «Lotfabad» gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň...
TÄZE OKUW KITAPLARY NEŞIR EDILDI
Türkmen döwlet neşirýat gullugy täze, 2022-2023-nji okuw ýylyna türkmen we rus dillerinde umumy orta bilim berýän mekdeplerdir ýokary okuw mekdepleri üçin okuw gollanmalarynyň hem-de okuw kitaplarynyň birnäçesini çykardy. Olary öz ugrundan tejribeli hünärmenler taýýarlapdyrlar we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanypdyr. Şu ýylky täze kitaplaryň arasynda umumy bilim berýän orta okuw mekdepler üçin «Algebra we analiziň başlangyçlary boýunça gutardyş synaglary üçin meseleler», ýo...
WATANYMYZYŇ SEBITLERINDE TÄZE BINAGÄRLIK AÇYLYŞLARY
Şu gün Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde döwlet derejesindäki özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan täze dermanhananyň açylyş dabarasy boldy. Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde köpugurly d...
«OWADAN ÜLKÄNIŇ» ÖNÜMLERI
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän «Owadan ülke» kärhanasynyň hünärmenleri möwsümi dürli görnüşli miweleriň mürepbesini çykarmak bilen başladylar. Dükanlaryň tekjelerinde oňaýly aýna gaplarda «Nur» we «Mylaýym» söwda belgileri bilen erik, ülje, ýertudana, böwürslen mürepbeleri, konserwirlenen gök-miwe önümleri, miwe jemleri, goýultmalar we ajiga peýda boldy. Bu azyk önümler fermer hojalyklarda ýetişdirilýän ekologiýa taýdan arassa miwelerden we gök önümlerden taýýarlandy. «Owad...
TÜRKMENISTANYŇ BALYKÇYLYGYNYŇ ÖNÜMÇILIGI ARTÝAR
Türkmenistanda balyklaryň dürli görnüşini ýetişdirýän balyk hojalyklarynyň we kärhanalarynyň birnäçesi işleýär. Olaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň ýaşaýjysy telekeçi Bahramjan Reýimow balyk önümlerini bolçulugyny dötretmek maksady bilen Afrika mermer lakga balygyny ýetişdirýär. Häzir ýapyk howdanlarda iki tonna golaý lakga balyk ýetişdirilýär. Afrika mermer ýa-da kalariý lakgasy Ortaýer deňziniň sebitindäki süýji suwly ýerlerde we Afrika yklymynyň tebigy howdanalrynyň ählisind...
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÇEPERÇILIK AKADEMIÝASYNYŇ SERGISI
Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň suratkeşlik bölüminiň mugallymlary öz işleriniň “Kalbyň reňkli owazlary” atly uly sergisini guraýarlar. Dürli terzde we usulda çekilen surat sergisi halkymyzyň milli medeniýeti, däp-dessurlary we durmuşy barada gürrüň berer. Sergi, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ýaş nesline gönükdirilendir we onuň esasy maksady ýaşlarda ahlak we ruhy gymmatlyklary emele getirmek, olarda watançylyk ruhuny terbiýeläp ýetişdirm...