SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN-2022 FUTBOL ÇEMPIONATY: ÇEKELEŞIKLI OÝUNLAR
Aşgabadyň «Altyn asyr» topary Türkmenistanyň 2022-nji ýyldaky çempionatynda öňde barýan «Ahal» toparyndan yza galmazlyk üçin her oýunda depginini güýçlendirýär. 7-nji tapgyrda ýurdumyzyň häzirki çempiony Balkanabatda «Nebitçini» 2:0 hasabynda utup, öňde barýan «Ahal» topary bilen arany golaýlaşdyrdy. Oýnuň 6-njy minutynda «Nebitçiniň» oýunçysy Arslangylyç Nazgylyjow iki sany duýduryş (sary kartoçka) aldy we oýundan çykaryldy. Tutuş oýnuň dowamynda «Altyn asyr» san taýdan artykmaçlyga eýe bold...
AŞGABATDA HALKARA ÝARYŞLARDA ÝEŇIJI BOLAN TÜRGENLERI SYLAGLAMAK DABARASY GEÇIRILDI
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýakynda geçirilen iri halkara ýaryşlarda — Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda hem-de Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde guralan V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleri sylaglamak dabarasy boldy. Olimpiýa şäherçesindäki “Sport” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen da...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MALAÝZIÝANYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNY GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakoba, Malaýziýanyň XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibn Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa we ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli gününiň şanly 65 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlar boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň hal...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa hem-de ýurduň ähli doganlyk halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Gyrgyzystan Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet gurluşyny berkitmekde, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde we halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy” diýlip, g...
TÜRKMEN DZÝUDOÇY ALTYN MEDAL GAZANDY
Türkmen dzýudoçysy Mekan Baýramow Türkiýäniň Sakarýa şäherinde tamamlanan “30 Agustos Zafer Haftası Uluslararası Valilik Kupası” atly halkara ýaryşynda altyn medal gazandy. 100 kg. agramda çykyş eden ildeşimiz bu üstünlige finalda Rejep Çimeniden (Türkiýe) üstün çykyp ýetdi. Bu ýaryş milli baýramyň – Türkiýede 30-njy awgustda bellenýän Ýeňiş Gününiň 100 ýyllygy mynasybetli Sakarýanyň şäher häkimligi gurady. Türkmen dzýudoçylary 3-4-nji sentýabrda Awstriýanyň Oberwart şäherinde geçirilje...
TÄZE BINALAR GURULÝAR
?Derkar» hojalyk jemgyýeti Daşoguz şäherinde jemi 80 hojalyga niýetlenen dört gatly jaýyň birbada dördüsini gurýar. Biri-birine sepleşik täze binalar şäheriň merkezinde, S. Türkmenbaşy şaýolunyň Alp Arslan köçesi bilen kesişýän ýerinde ýerleşýär. Häzirki wagtda olaryň üçüsinde daşky we içki timarlaýyş işleri alnyp barylýar, dördünjisiniň bolsa diwarlary galdyrylýar. Ýaşaýyş üçin amatly meýilleşdirilen öýleriň otaglary giňligi we beýikligi bilen tapawutlanýar. Olaryň iň ulusynyň umumy meýdany...
TÜRKMENISTANYŇ WE KATAR DÖWLETINIŇ DIM-LERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
Şu gün, 30-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Katar Döwletiniň Daşary işler ministri Muhammed ben Abdel Rahman Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Geçirilen telefon arkaly gepleşikleriň çäginde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ugurlarynyň giň gerimi boýunça pikir alşyldy. Ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň oňyn häsiýeti bellenilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy görkezijisiniň ýokary derejedäki gepleşikler bolup durýandygy aýratyn n...