SOŇKY HABARLAR
TÄZE OKUW ÝYLYNA TAÝÝARLYK WE TÄZE BINALAR
Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda hereket edýän 383 sany orta mekdebiň, 4 sany mekdep – internatyň, şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisinde awgust aýynyň başyna çenli ýeňil abatlaýyş – bejeriş işleri tamamlanyp, täze 2022 – 2023-nji okuw ýylyna doly taýýar edildi. Welaýatda bar bolan umumybilim berýän orta mekdepleriniň synp otaglarynda, sport meýdançalarynda we zallarynda, ýyladyş ulgamlarynda abatlaýyş – bejeriş işleri talabalaýyk geçirildi, mekdep binalarynyň ýanaşyk ýerlerinde aras...
TÜRKMENISTANYŇ OKUWÇYLARY AZIÝANYŇ HALKARA MATEMATIKA OLIMPIADASYNA GATNAŞDYLAR
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synplarynyň zehinli okuwçylary boýunça Aziýanyň Halkara matematika internet-olimpiadasyna sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Bu matematika olimpiýadasyna dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan, has takygy, Hytaýdan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Özbegistandan, Wýetnamdan, Taýlanddan, Gazagystandan we Kambojadan 3000-den gowurak okuwçy gatnaşdy. Aziýanyň Halkara matematika internet olimpiadasynyň jemleri boýunça Aşgabat şäherindäki himiýa, biologiýa we...
DIWAR ÜÇIN BEZEGLER
?Gültaraş» hususy kärhanasy bezegli asma potoloklary öndürmegi özleşdirdi. Diwara ýelmenýän suratly bezeg kagyzlary öndürmek üçin, kärhana ýokary mümkinçilikli ösen tehnologiýa enjamalary ulanýar. – «Gültaraş» HK-da ýokary aýdyňlykda alnan surat arhiwi bar, – diýip, kärhananyň ýolbaşçysy Sahymyrat Abdyrasulow aýdýar. – Diwar kagyzlarynda Türkmenistanyň tebigaty, tropik täsinlikler, fransuz pastorallary, geometrik şekiller, tokaý jandarlary, relýefler we fakturalar şekillendirilip bi...
PAÝTAGTYMYZDA “ÝAŇLAN, DIÝARYM!” TELEBÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI
Şu gün “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde höwesjeň ýaş aýdymçylaryň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan zehinli ýaşlaryň bu meşhur gözden geçirilişine 30 ýyl dolýar. Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäherin...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETINIŇ AGZALARYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 26-njy awgusdtynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän türkmen-özbek geňeşmelerine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji W.Norowy we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili A.Kamilowy kabul etdi. Myhma...
MIRAS HUKUGY EMLÄK HUKUGY BILEN AÝRYLMAZ BAGLANYŞYKLYDYR
Ýigrimi dört ýyl mundan öň Türkmenistanda Raýat kodeksi kabul edildi. Kanunçylygyň kämilleşdirilmegi raýat dawalarynda ýüze çykýan meseleleriň iş ýüzünde çözülmegi bilen bir wagtda bolup geçýärdi. Bu ýagdaýlary göz öňünde tutup, 1992-nji ýylda ýurtda Esasy Kanun kabul edildi, bu bolsa ýuristlara we hukukşynaslara ýerli kanunçylygy kämilleşdirmek işinde öňe gitmäge mümkinçilik berdi. Biraz wagtdan soň, 1998-nji ýylda Raýat Kodeksi kabul edilýär, onda hemmeleri wajyp durmuş meseleleri boýunç...
BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GURAMASYNYŇ ÝEWROPA SEBIT EDARASYŇ MASLAHATY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri inçekeseli bejermek boýunça milli barlaglar toparynyň her ýylda geçirilýän maslahatyna gatnaşdylar. Foruma gatnaşanlaryň arasynda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, inçekeseliň öňüni almak we ony bejermek Merkeziniň we beýelki hassahanalaryň ylmy barlagçylary we hünärmenleri bar. Lukmanlar iki günläp keseli bejermegiň öňdebaryjy usullary barada pikir alyşdylar, geljekde bilelikdäki işleriň meýilnamasyny sazlaş...