RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Awg

DAŞOGUZ WELAÝATYNDA PAGTA ÝYGYMYNA TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR

Daşoguz welaýatynda jogapkärli çärä – ýetişdirilen bol pagta hasylyny ýygmaga taýýarlyk görülýär. 2022-nji ýylyň hasylyny ýokary depginde ýygnamaga degişli ähli ulgamlarda taýýarlyk işleri geçirilýär. Pagtany daşamaga 1600-den gowrak ulag çekiler. Sebitde şeýle hem pagta ýygyjy kombaýnlaryň ýüzlerçesi işlediler. Şolaryň arasynda ýokary öndürijilikli «John Deere» kysymly kombaýnlaryň 200-den gowragy we Özbegistanda öndürilen traktorlara dakylýan МХ-1,8 kysymly pagta ýygyjy maşynlaryň ençemesi bar...

DOWAMY
pic
26 Awg

EPENDI, ALADDIN, DEMIR AÝAL WE BEÝLEKI TEATR OÝUNLARY

Türkmenistanda täze teatr möwsüminiň açylyşyna taýýarlyk işleri dowam edýär. Ýakyn wagtda tomaşaçylara söýgüli oýunlarynyň gahrymanlary bilen uzak garaşylan duşuşyklar, şeýle hem şu günler üstünde işlenýän köp sanly ilkinji görkezilişe garaşýar. Ýetip gelýän dynç günleri bolsa Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry şu oýunlara tomaşa etmäge çagyrýar: 27.08.2022. «Gülki agşamy» – 19:00; 28.08.2022. «Ependi ýa-da gülkünç goňşy» – 19:00. Ependi ýa-da Hoja Nasre...

DOWAMY
pic
26 Awg

BAMIÝA ÖSÜMLIGI ÖWRENILÝÄR

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň biologiýa barlaglary we tohum gaznasy laboratoriýasynyň hünärmenleri Botanika bagynda üýtgeşik hasyl aldylar. Bu ýerde açyk meýdanda ýurdumyzda geň bamiýa atly ösümligiň miweleri ýetişdi. Esasan Agrikada, Hindistanda we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda ösýän malwowylar maşgalasyndan bolan bu gök ekin şeýle hem Gombo, Ohra ýa-da «Gelinbarmak» atlary bilen-de tanalýar. Botanika bagynyň hünärmenrleiniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda täze ekin...

DOWAMY
pic
26 Awg

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 26-njy awgustynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow, özbek tarapyna bolsa Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. W.I.Norow ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp meseleleri, şol sanda öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaş...

DOWAMY
pic
25 Awg

ÝEWROPA BILELŞIGINIŇ WEKILÝETI TÜRKMENISTANDA ÝURDUMYZYŇ ŽURNALISTLERI ÜÇIN MASLAHAT GEÇIRÝÄR

Ýewropa Bilelşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýurdumyzda žurnalistikany ösdürmek boýunça iki günlük maslahaty öz işine başlady. Çäre tutuş dünýäde žurnalistikanyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, media wekillerine hünär taýdan mundan beýläk hem kämilleşmek üçin täze ýollary we usulýetleri öwretmäge gönükdirilendir. Hususanda, maslahatyň barşynda, şeýle hem dezinformasiýa meselelerini we olary ýüze çykarmagyň hem-de amaly tejribeler arkaly olara garşy göreşmegiň usullaryny...

DOWAMY
pic
25 Awg

AKJAGAÝA ÇÖKETLIGINIŇ TÄSINLIKLERI

Türkmenistanda Akjagaýa çöketligi gury ýerdäki iň çöket ýer hasaplanylýar. Ol deňiz derejesinden 81 metr pesdir. Ýata suwly çöketlik Garagum çölüniň demirgazyk-günbatar çäginde, Daşoguz welaýatynda ýerleşýär. Bu ýerde gum depelerinden soň duýdansyz takyrlyk başlanýar we ol täsin görnüşli çölüň ajap gözelligini aýdyň görkezýär. Bu ýeriň ak reňkde bolmagy Akjagaýanyň tapawutly tarapydyr. Çöketligiň gyralary mergelleriňdir hekdaşlaryň toprak-karbonat gatlaklaryna kybap ak, gülgüne we mele zol...

DOWAMY
pic
25 Awg

ÜZÜM HASYLY ÝYGNALÝAR

Türkmenistanda köp meýdany tutýan üzümden şu ýyl bol hasyl ýetişdirildi. Indi bazarlarda üzümiň «Gelinbarmak», «Terbaş», «Halyly», «Dagtokga» we başga-da ençeme görnüşleri bar. Üzüm ýetişdirmek işi öz köküni gadymyýetden alyp gaýdýar. Türkmenistanda ol häzirki oba hojalyk önümçiliginde-de köpçülikleýin ýaýrandyr. Häzirki wagtda üzüm ýetişdirmegiň möçberi boýunça Ahal welaýaty ýurdumyzda öňde barýar. Mälim bolşy ýaly, üzüm iýmit siňdirişi gowulandyrýar, onuň miwesinde suwuň köp bolmagy bede...

DOWAMY