RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Awg

DAGLARYŇ WASPÇYSY

Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedowyň şu ýyl 85 ýaşy dolýar. Ol dürli usullarda ýüzlerçe suratlary – portretleri, peýzažlary, natýurmortlary, bezeg şekillerini çekdi. Kärdeşleri Annadurdy Almämmedowy daglaryň waspçysy diýip atlandyrýarlar, sebäbi ol öz eserlerinde daglaryň gözelligini, kuwwatlylygyny we beýikligini türkmen suratkeşleriniň arasynda hiç kim bilen deňeşdirip bolmajak derejede ýadawsyz wasp edýär. Annadurdy Almämmedow Türkmenistanyň günbatarynda, Bendesen obasyn...

DOWAMY
pic
25 Awg

TÜRKMEN WE OWGAN LUKMANLARY IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2022-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri bilen Owganystanyň Hyrat şäherindäki “Loqman Hakim Complex Hospital” köpugurly hususy hassahanasynyň lukmanlarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Onda saglyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek we transplantologiýa ugrunda özara tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň başynda owgan tarapy bu ugurda öz gazanan tejribeleri barada...

DOWAMY
pic
25 Awg

«GUNDOGDY» HK-SY AEROPORTLARY GURÝAR

?Gündogdy» hususy kärhanasy Jebelde (Balkan welaýaty) Halkara aeroportuň gurluşygyna girişdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bu telekeçilik düzüminiň gurýan üçünji aeroport toplumydyr. Potratçy gurama Türkmnebadayň Halkara aeroportunyň gurluşygyna gatnaşdy, Kerki şäherindäki (Lebap welaýaty) aeroprt toplumyny başdan aýak bina etdi. Jebeldäki täze howa gämiler gonalgasy Türkmenistanyň howa ulaglarynyň ösen ýerüsti düzümleriniň döredilmeginiň dowamy bolar. Ba...

DOWAMY
pic
24 Awg

TÜRKMEN BILERMENLERI ADAM HUKUKLARY BARADAKY DÜZGÜNNAMANYŇ TASLAMASYNYŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGYNA GATNAŞDY

Türkmenistanyň wekilleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Adam hukuklary boýunça komissiýasynyň bilermenler toparynyň maslahatyna gatnaşdy. Duşuşyga Daşary işler ministrlikleriniň işgärleri we Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Ermenistan hem-de Belarus Respublikasynyň adalat ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Olar mejlise gatnaşan ýurtlaryň Arkalaşygyň Adam hukuklary baradaky komissiýasynyň Düzgünnamasyna degişli we GDA-nyň Adam hukuklary hem esasy raýat azatlyklary...

DOWAMY
pic
24 Awg

«HATYRA» KITABYNYŇ ÜÇÜNJI JILDINIŇ TÄZE NEŞIRI ÇAPDAN ÇYKDY

?Hatyra» kitabynyň üçünji jildiniň täze neşiri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda we ýaralanmak zerarly hassahanalarda wepat bolan, şeýle-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar. Täze neşir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli Gutlagyndaky: “Merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgaly...

DOWAMY
pic
24 Awg

TÜRKMENIŇ BEÝIK MUKAMÇYSY – MYLLY AGANYŇ SYRLY ARHIWI

Türkmen sazandasy Mylly Täçmyradow entek ýaşap ýören döwürlerinde-de beýik sazanda hökmünde halk tarapyndan ykrar edilipdi. Mylly aganyň barmaklary çalasyndy, sazy onuňky ýaly şirin we owadan ýerine ýetirmek döwürdeşlerinden heç kime başartmaýardy. Bu gün sakgaly ýüzüne görk berýän sazandanyň suraty M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyndaky ajaýyp sazandalaryň suratlarynyň arasynda hormatly orny eýeleýär. Amangeldi Gönübek we Kel bagşy ýaly türkmen saz sungatyna degişli halypalary...

DOWAMY
pic
24 Awg

HALKARA ÇAGALAR MEDENIÝET FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY

24-nji awgustda Moskwada HHGS-de Russiýanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ilkinji gezek guralan halkara çagalar medeniýet forumy öz oşinr başlady. Forumyň maksady medeniýetde we sungatda zehinli çagalary ýüze çykarmak we ykrar etmek, şeýle hem medeniýetara gepleşikler üçin täze mümkinçilikleri açmakdyr. Bu çärä Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň zehinli çagalaryndan, ýagny Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebiň okuwçysy S. Baýmuhammedowadan, Ahal welaýatynyň Tejen şäherindäk...

DOWAMY